“PSŽ” Çempionlar ligasynyň finaly üçin 600 işgärine mugt petek berer we ýol tölegini tölär

10.05.2025, 22:1310,209

“Pari Sen-Žermeniň” prezidenti Nasser Al-Helaifi UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finaly üçin klubuň işgärlerine 600 mugt petek sowgat etdi. Bu barada TNT Sports neşiri habar berýär.

Şeýle-de, Pariž klubunyň ýolbaşçysy Germaniýadaky oýna gitjek işgärleriň ählisiniň ýol tölegini tölär.
“PSŽ” ýarym finalyň iki oýnunda Londonyň “Arsenalyny” utup (1:0, 2:1), finala çykdy.
Aýgytly oýun 1-nji iýuna geçilýän gije Mýunhendäki “Alýans Arena” stadionynda geçiriler. Parižlileriň garşydaşy ýarym finalda “Barselonany” utan (3:3, goşmaça wagtda 4:3) Milanyň “Interi” bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.