Luis Vuitton “Realyň” resmi hyzmatdaşy boldy

17.06.2025, 05:378,202
1 / 11

Luis Vuitton Madridiň “Realynyň” sport toparlarynyň resmi hyzmatdaşy boldy. Fransuz modalar öýi erkekler we aýallar futbol toparlary, şeýle hem "patyşalyk klubunyň" erkekler basketbol topary üçin oýundan daşgary geýilýän eşikleri döreder.

Resmi syýahatlar we çäreler wagtynda türgenler Louis Vuitton-iň erkekler ugry boýunça döredijilik müdiri Farrell Williams tarapyndan taýýarlanan eşikleri geýerler.
Geçen ýyl “Realyň” ýarymgoragçysy Jud Bellingem brendiň wekili diýip yglan edildi. Ol “Altyn topuň” gowşurylyş dabarasy ýaly, birnäçe iri çärelerde modalar öýüne wekilçilik etdi.




Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.