“Karabah” ÇL-de “Benfikany” utup, ony tälimçisiz galdyrdy: günüň netijeleri

17.09.2025, 16:128,250

16-njy sentýabrda 2025/2026 möwsüminiň UEFA-nyň çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň ilkinji oýunlary başlady.

Oýun gününiň esasy täsirli wakasy Lissabondaky duşuşyk boldy, bu ýerde “Karabah” ýerli “Benfikany” 3:2 hasabynda utdy. Azerbaýjan topary üçin bu ýeňiş taryhy boldy – ol öz taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynyň oýnunda ýeňiş gazandy. 16-njy minuta çenli ýer eýeleri hasaby 2:0 etmek bilen, megerem, uly ýeňşe garaşdy. Ýöne 30-njy minutda “Karabahyň” oýunçylary aratapawudy azaltdy, 48-nji minutda hasaby deňledi, oýnuň ahyrynda bolsa (86-njy minut) öňe çykdy.
Tiz wagtdan “Benfikanyň” prezidenti Ruý Koşta toparyň baş tälimçisi Brunu Laženiň işden çykarylandygyny habar berdi. Ol kluba 2024-nji ýylyň sentýabryndan bäri ýolbaşçylyk edipdi. Geçen möwsüm onuň ýolbaşçylygynda “Benfika” ýaryşyň 1/8 finalyna çykyp, “Barselonadan” iki duşuşygyň jemi boýunça utuldy (1:4).
Oýun güni başga-da kambekler boldy. “Ýuwentus” Dortmundyň “Borussiýasyna” garşy oýunda Çempionlar ligasynyň taryhynda 94-nji minutda iki gol tapawudy bilen utulyp barýarka, ýeňlişden gaçmagy başaran ilkinji topar boldy. 93:12 we 95:22-nji minutlardaky gollar hasaby deňme-deň etdi – 4:4.
Madridiň “Realy” bilen “Marseliň” oýnunda fransuz kluby 22-nji minutda Timoti Weanyň goly bilen öňe çykdy. Ýöne “Real” Kilian Mbappeniň 29-njy we 81-nji minutlarda penaltiden iki gol salmagy netijesinde ýeňiş gazandy. Ahyrky hasap – 2:1. Ikinji goly madridliler Dani Karwahal meýdançadan çykarylandan soň azlykda oýnap saldy.

Galan oýunlaryň netijeleri:

  • ·“PSW” (Niderlandlar) – “Ýunion” (Belgiýa) – 1:3
  • ·“Atletik” Bilbao (Ispaniýa) – “Arsenal” (Angliýa) – 0:2
  • ·“Tottenhem” (Angliýa) – “Wilýarreal” (Ispaniýa) – 1:0

Şu gün Çempionlar ligasy dowam eder we ýene alty oýun geçiriler:

  • ·“Olimpiakos” (Gresiýa) – “Pafos” (Kipr)
  • ·“Slawiýa” (Çehiýa) – “Budýo-Glimt” (Norwegiýa)
  • ·“Aýaks” (Niderlandlar) – “Inter” (Italiýa)
  • ·“Bawariýa” (Germaniýa) – “Çelsi” (Angliýa)
  • ·“Liwerpul” (Angliýa) – “Atletiko” (Madrid, Ispaniýa)
  • ·“Pari Sen-Žermen” (Fransiýa) – “Atalanta” (Italiýa)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.