Arkadag Medisina Klasteriniň önümleri WorldFood Moscow 2025 sergisinde “Ýylyň önümi” atly altyn medal aldy

02.10.2025, 11:254,148

Arkadag şäheriniň “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri "WorldFood Moscow 2025" iýmit önümleri halkara sergisinde “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp boldy. Bu barada 1-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde habar berildi.

Sergi şu ýylyň sentýabrynda Moskwada geçirildi.

"Munuň özi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Arkadag şäherinde-de durmuş maksatly, aýratyn-da, sagdyn iýmitlenmek wezipelerini üstünlikli amala aşyrýan önümçilik toplumlarynyň ekologik taýdan arassa önümleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr" diýlip, TDH agentliginiň habarynda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.