Gyra çekil, Starlink! Hytaý orbita 200 000 hemra ibermegi meýilleşdirýär

13.01.2026, 10:5742

Hytaý Ýere golaý orbitada 200 müňden gowrak aragatnaşyk hemrasyny ýerleşdirmek üçin Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigine (ITU) arza iberdi. Radioýygylyklar we orbitada kesgitli orunlar barada maglumatlary saklaýan resminamalar dekabrda tabşyryldy.

Taslama SpaceX kompaniýasynyň Starlink ulgamy bilen bäsleşip biljek uly möçberli hemra internet ulgamyny döretmegi göz öňünde tutýar.
Arzanyň tabşyrylmagy ähli hemralaryň awtomatik uçurylmagyny aňlatmaýar. Taslama diňe ITU tarapyndan tassyklanandan we orbitada kesgitli orunlary hem ýygylyklary ulanýan beýleki döwletler bilen ylalaşykdan soň durmuşa geçirilip bilner.
Taslamany işläp taýýarlamak bilen 2025-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Sýunan Täze sebitinde resmi taýdan döredilen Radioinnowasiýa instituty meşgullanýar. Ol döwletiň goldaw bermeginde işleýär we radioelektron tehnologiýalaryna ýöriteleşýär. Onuň düzümine ýedi gurama girýär. Olaryň arasynda Döwlet radiomonitoring merkezi we China Satellite Network Group bar.
China Satellite Network Group kompaniýasy Guowang hemra ulgamynyň emele getirilmegine jogap berýär. Ol 12 992 hemradan ybarat bolar diýlip garaşylýar.
ITU-a tabşyrylan arzalar kiçiden başlap, has ulusyna çenli onlarça dürli hemra toplumyny öz içine alýar. Iň ululary Radioinnowasiýa instituty tarapyndan işlenip düzülen CTC-1 we CTC-2 taslamalarydyr. Olaryň her biri 96 714 hemra niýetlenýär.
Aýratyn arza tabşyran beýleki kompaniýalar hem bar. Mysal üçin, China Mobile 2520 sany ChinaMobile-L1 hemrasyny orbitada ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Yuanxin Satellite kompaniýasy 1296 hemradan ybarat SailSpace-1 ulgamy barada aýtdy. Guodian Gaoke 1132 hemra niýetlenen Tianqi-3G ulgamynyň taslamasyny hödürledi.
ITU-a arza bermek başlangyç tapgyr hasaplanýar. Şeýle infrastrukturanyň gurluşygy we işe girizilmegi ep-esli wagt, maliýe serişdelerini we halkara hyzmatdaşlygy talap edýär.