Ford we Linkoln kompaniýalary awtoulaglary yzyna çagyrmakda öňdeligi eýeleýärler, olaryň tas 20 million awtoulagy yzyna çagyryldy

24.04.2026, 05:285,358

Amerikanyň Ford awtoulag öndürijisi yzyna çagyran awtoulaglarynyň sany boýunça öňdeligi eýeledi. iSeeCars seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň aprelinden 2026-njy ýylyň martyna çenli Ford we onuň Lincoln premium brendi tas 20 million awtoulagy yzyna çagyrdy, bu bolsa ähli bäsdeşleriniň çagyryşlarynyň umumy sanyndan hem köpdür.

Toyota takmynan 4,1 million awtoulag bilen ikinji orny eýeledi, Chrysler (Stellantis) bolsa 3,4 million awtoulagy yzyna çagyryp, üçünji orny eýeledi.

Şeýle hem,  ilkinji onluga  Hyundai, Nissan, Subaru, General Motors, Honda, Volvo we Volkswagen kompaniýalary girýär .

Bu barlag NHTSA-nyň maglumatlaryna esaslanýar we diňe bir häzirki görkezijileri däl, eýsem ulaglaryň tutuş ulanylyş möhleti üçin  çaklamalary hem göz öňünde tutýar.

Bilermenler çagyryşlaryň sanynyň köp bolmagynyň hemişe pes hili görkezip durmaýandygyny belleýärler. Bu häzirki zaman awtoulaglarynyň çylşyrymlydygyny görkezýär: olarda näçe köp elektronika we tehnologiýa boldugysaýy, satuwa çykandan soň kemçilikleriň ýüze çykmak ähtimallygy şonça ýokary bolýar.

Alyjylar üçin möhüm zat yzyna çagyrylyş fakty däl-de, öndürijiniň meseläni näderejede çalt çözýändigidir.
 

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.