Hirosima uniwersitetiniň barlagçylary oba hojalygynyň suwly-batgalyk ýerlerindäki tokaý zolaklary meýdan guşlarynyň sanyny ep-esli derejede kemeldýär diýen netijä geldiler.
Bu hakynda Journal of Environmental Management žurnalynda çap edilen barlagda aýdylyşyna görä, guşlaryň käbir görnüşleriniň sany 70%-den hem gowrak azalypdyr.
Alymlar Ýaponiýanyň merkezindäki Kahokugata kölüniň daş-töweregindäki çäkleri öwrendiler. Ol ýerde göçüp-gonýan guşlaryň duralgasy hökmünde wajyp orny eýeleýän şaly we öri meýdanlary ýerleşýär.
Barlaglar agaç nahallarynyň batgalyklarda we tokaý gyralarynda ýaşaýan guşlar üçin amatly şertleri döredýändigini, ýöne şol bir wagtyň özünde, meýdan guşlarynyň höwürtge gurmagy we iým gözlemegi üçin zerur bolan açyk meýdanlary daraldýandygyny görkezdi. Mundan başga-da, tokaý zolaklary şeýle guşlara ýyrtyjylardan goranmakda-da päsgelçilik döredýär.
Işiň awtorlary oba hojalyk ýerlerini ýelden goramak üçin agaç ekmek däbiniň suwly-batgalyk meýdan şertlerinde bioköpdürlülik üçin garaşylmadyk netijelere getirip biljekdigini nygtaýarlar.