Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edişlik 13-nji iýulda başlar

Şu gün, 10:514,268

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2026-njy ýylda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine talyplary kabul etmegiň tertibi, meýilnamasy hem-de möhletleri tassyklanyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Resminamalar täze okuw ýyly üçin kabul edişlik möwsümini guramaçylykly we talabalaýyk geçirmäge gönükdirilendir.

Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Bu topara kabul etmek işlerine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek we çäreleriň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy. Mundan başga-da, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri degişli iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy bilen welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň anyk meýilnamalary tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly we 24-nji awgusty aralygynda guralar. Şeýle hem okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglarynyň degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilmegi bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.