Şu hepde Türkmenistanyň welaýatlarynda howanyň +48 °C çenli gyzmagyna garaşylýar. Bu barada ýurduň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň «Türkmenistan» gazetinde berýän maglumatynda aýdylýar.
Ahal welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24... +29 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38... +43 gradusdan +42... +47 gradus aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23... +28 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +41... +46 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +32... +37 gradus yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23... +28 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradusdan +42... +47 gradus aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +28... +33 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +39... +44 gradusdan +43... +48 gradus aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22... +27 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +38... +43 gradusdan +43... +48 gradus aralygynda yssy bolar.
Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +25... +27 gradusdan +30... +32 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +39... +41 gradusdan +43... +45 gradus aralygynda yssy bolar.