Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2026-2027-nji okuw ýyly üçin tassyklanan meýilnamalar boýunça resmi ýagdaýda okuwa kabul etmek möwsümi başlandy.
Okuwlara kabul edişlik 13-nji iýul — 24-nji awgust aralygynda dowam eder, giriş synaglary bolsa göni okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçiriler. Şu ýyl okuwlara kabul edilýän dalaşgärleriň sanynyň artmagyna garaşylýar. Geçen ýyl ýokary okuw mekdeplerine kabul edilenleriň sany 17 müňe golaýlan bolsa, şu ýyl bu görkeziji 18 müňden geçer, ýagny geçen ýyldakydan 1239 sany dalaşgär köp kabul ediler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Şeýle-de, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde test görnüşinde geçiriler.
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça tassyklanan döwlet topary giriş synaglarynyň bellenen tertipde, guramaçylykly we adalatly geçirilmegini hem-de jemgyýetçilik gözegçiliginiň ýola goýulmagyny doly üpjün eder.