«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde we milli ykdysadyýetiň talaplaryny nazara alyp, şu okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde jemi 20 sany täze hünär we taýýarlygyň ugurlary açylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Döwrebap sanly ulgamlara, inženerçilige, oba hojalygyna, halkara gatnaşyklara we mugallymçylyga gönükdirilen bu hünärler hünärmen, bakalawr hem-de magistr maksatnamalary boýunça amala aşyrylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hünärmen maksatnamasy boýunça nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary hem-de nebitgaz pudagynda metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak hünärleri açylýar. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebinde magistr maksatnamasy boýunça kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi; nebitgaz pudagynda maglumat howpsuzlygy hem-de nebitgaz pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ýaly ugurlara ilkinji gezek talyplar kabul ediler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hünärmenleri taýýarlamak üçin oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy hem-de IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy hünärleri girizildi. Mundan başga-da, bu uniwersitetde magistr maksatnamasy boýunça ösümlikleri goramak we biotehnologiýa ugry ýola goýuldy.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (arap dili we edebiýaty hem-de türkmen dili we edebiýaty); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; ekologiýa; psihologiýa; defektologiýany hem-de psihologiýany öz içine alýan ýöriteleşdirilen bilim hünärleri açylýar. Bakalawr maksatnamasy boýunça bu institutda pedagogika bilimi (bedenterbiýe) boýunça hünärmenler taýýarlanyp başlanar.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde bakalawr maksatnamasy boýunça emeli aň we ekspert ulgamlary hem-de mehatronika we robot tehnikasy taýýarlyk ugurlary açylar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda bakalawr maksatnamasynyň çäklerinde pedagogika bilimi (urdu dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlyk ugruna ilkinji dalaşgärler okuwa kabul ediler.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň maglumat howpsuzlygy hünäri açylýar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda magistr maksatnamasy boýunça ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy ugry açylýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy boýunça talyplara syýasy-diplomatik taýdan uly ähmiýeti bolan parahatçylyk we bitaraplyk taýýarlyk ugry garaşýar.
Orta hünär okuw mekdepleri barada aýdylanda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde kärhana enjamlaryny abatlamak we tehniki hyzmat etmek (senagat pudagynda); Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde emeli aň we maglumatlary seljermek hünärleri täze açylar.
Şeýle-de, täze okuw ýylyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» girizilen hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamaga girişiler.