Türkmen oba hojalyk instituty 2026/2027-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleriň kabul edilýändigini yglan edýär. Okuwa kabul etmek hünärmen maksatnamasy (býujet we tölegli esasda) hem-de bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda) boýunça amala aşyrylýar.
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda)
Tölegsiz okuwyň çäklerinde institut «Oba, tokaý we balyk hojalygy» ugry boýunça agronomçylyk, agroekologiýa, tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy, ýyladyşhana hojalygy, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy ýaly hünärleri hödürleýär.
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda)
Tölegli esasda dalaşgärler iki esasy ugur boýunça hünärleri saýlap biler:
- Oba, tokaý we balyk hojalygy: agrohimiýa we agrotopragy öwreniş, agroekologiýa, ýyladyşhana hojalygy, gidromeliorasiýa, şeýle hem oba hojalygyny mehanizmleşdirmek.
- Weterinariýa we zootehniýa: weterinar lukmançylygy.
III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda)
Bakalawr boýunça taýýarlygyň ugurlarynyň giň görnüşi hödürlenýär:
- Informatika we hasaplaýyş tehnikasy: «Oba hojalygynda maglumat ulgamlary we tehnologiýalary» ugry. Bu maksatnama boýunça okuw dolulygyna iňlis dilinde alnyp barylýar. Umumy okuw möhleti 5 ýyl bolup, munuň 1 ýyly dil taýýarlygyna, 4 ýyly bolsa bakalawr maksatnamasynyň özüne degişlidir.
- Maşyngurluşyk: oba hojalygynda awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak.
- Oba, tokaý we balyk hojalygy: gidrotehniki desgalar, şeýle hem oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
- Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa: ýer gurluşygy we kadastrlar.
- Maglumat howpsuzlygy: oba hojalygynda maglumat howpsuzlygynyň menejmenti.
- Ykdysadyýet we dolandyryş: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, oba hojalygynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, şeýle hem sanly dolandyryş.
Kabul etmegiň şertleri we resminamalary tabşyrmagyň möhletleri
Instituta giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimi bolan, ýaşy 35-e çenli bolan Türkmenistanyň raýatlary kabul edilýär. Dalaşgärlerden resminamalary kabul etmeklik 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda geçiriler.
Welaýatlar boýunça resminamalary kabul ediş merkezleriniň salgylary
Resminamalary ýaşaýan ýeriňize baglylykda sebit merkezleriniň birine tabşyryp bilersiňiz:
Daşoguz welaýaty: Resminamalar gönüden-göni Türkmen oba hojalyk institutynda kabul edilýär. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefonlar: 800322 9-33-92, 800322 9-40-68, 800322 9-27-47.
Lebap welaýaty: Kabul edişlik S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binasynda guraldy. Salgysy: Türkmenabat ş., Mukaddes Ruhnama köçesi, 22-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon: 800422 3-32-57.
Mary welaýaty: Resminamalary tabşyrmaklyk Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda amala aşyrylýar. Salgysy: Mary ş., Baýramhan köçesi, 62-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon: 800522 5-75-04.