Singapurda matematika boýunça 7-nji halkara Copernicus olimpiadasy tamamlandy. Bu abraýly intellektual meýdançada dürli ýurtlardan gelen okuwçylar öz bilimlerini, logikasyny, pikirleniş tizligini we ýokary çylşyrymlylykdaky meseleleri çözmek ukybyny görkezýär.
Türkmenistanyň ýygyndy topary bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdy we ýokary netije görkezmegi başardy. Ýaş matematikler 6 medal: 1 altyn, 3 kümüş we 2 bürünç medal bilen dolandy.
Mary şäheriniň «Belent Bilim» okuw merkeziniň okuwçysy Aýjeren Muhammetnazarowa ýaryşyň absolýut ýeňijisi boldy. Ol altyn medal gazandy we öz ýaş derejesinde «Absolute Winner» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Bu ýokary netijesi üçin oňa ýörite baýrak hökmünde MacBook Air noutbugy berildi.

Kümüş medallara üç gatnaşyjy mynasyp boldy:
- Dawut Muhammetnazarow — «Belent Bilim» okuw merkeziniň okuwçysy (Mary ş.);
- Geldimyrat Saryýew — 135-nji mekdebiň okuwçysy (Aşgabat ş.);
- Emirmunhammet Sabyrow — 35-nji mekdebiň okuwçysy (Hazar ş., Balkan welaýaty).
Bürünç medallary bolsa Aşgabatdan iki okuwçy gazandy:
- Ahmet Bagtyýarow (135-nji mekdep);
- Melike Begliýewa (97-nji mekdep).