DeepSeek kompaniýasyny esaslandyran hytaýly telekeçi we programmaçy LÝan Wenfen emeli aň modellerini döredijileriň arasynda dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orna geçdi.
Bloomberg neşiriniň milliarderler hasabyna görä, onuň baýlygy häzirki wagtda takmynan 36 mlrd dollar töweregi diýlip kesgitlenilýär.
Bu görkeziji bilen Lýan Wenfen OpenAI kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan biri Greg Brokman (baýlygy 25,5 milliard dollar töweregi) we Anthropic kompaniýasynyň esaslandyryjylaryndan biri Dario Amodei (takmynan 8 milliard dollar) ýaly beýleki meşhur emeli aň işläp taýýarlaýjylaryndan ep-esli öňe geçmegi başardy. Mundan başga-da, DeepSeek-iň ýolbaşçysy Hytaýyň iň baý adamlarynyň sanawynda hem sekizinji orny eýeleýär.
Onuň maýasynyň birden we çalt ýokarlanmagy kompaniýanyň durnukly maliýeleşdiriş tapgyrynyň (maýa goýum raundynyň) üstünlikli tamamlanmagyndan soň hasaba alyndy. Munuň netijesinde, Lýan Wenfeniň mundan öň 16,7 milliard dollar bolan şahsy baýlygy iki esseden hem gowrak artdy.
Lýan Wenfen Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Çžanszýan şäherinde doguldy. Ol ýokary bilimi «maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary» hünäri boýunça aldy we 2023-nji ýylda özüniň häzirki meşhur DeepSeek kompaniýasyny esaslandyrdy.