Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2026/2027-nji okuw ýyly üçin daşagärlerden resmi iş kagyzlary kabul edilip başlandy.
Kabul edişlik möwsümi 13-nji iýulda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edişligiň başlanmagy bilen bir wagtda badalga aldy.
Uniwersitete bäsleşik esasynda umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimi bolan, ýaşy 35-den uly bolmadyk Türkmenistanyň raýatlary kabul edilýär. Okuwa kabul etmeklik giriş synaglarynyň netijelerine görä amala aşyrylar.
Täze okuw ýylynda ýokary okuw mekdebi 34 hünär boýunça dalaşgärleriň kabul ediljekdigini yglan etdi. Talyplyga dalaşgärler hünärmen maksatnamasynda 14 ugur we bakalawr maksatnamasynda dört sany taýýarlygyň ugry boýunça býujet ýa-da tölegli esasda okuwa girip biler.
Resminamalar Aşgabat şäherindäki uniwersitetiň özünde, şeýle hem welaýat merkezlerinde ýörite bellenilen ýerlerde kabul edilýär. Resminamalary kabul etmeklik 26-njy iýula çenli dowam eder.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde, degişli bellenilen möhletlerde geçiriler.
Has giňişleýin maglumat almak üçin şu salgylanma arkaly geçip bilersiňiz.