Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi başlangyç hünär bilimini almak boýunça 2026/2027-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýändigini yglan edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
- Hünär: Umumy ideg işi (kiçi şepagat uýasy).
- Okuwyň möhleti: 1 (bir) ýyl.
- Okuwyň görnüşi: Tölegli esasda.
- Kimler girip biler: Arkadag we Aşgabat şäherlerinde, şeýle hem Türkmenistanyň welaýatlarynda ýaşaýan, umumy orta bilimli raýatlar (okuwa kabul etmeklik giriş synaglarynyň netijeleri boýunça amala aşyrylýar).
- Okuwlaryň başlanýan wagty: 1-nji sentýabr.
Resminamalary tabşyrmagyň möhletleri we tertibi
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2026-njy ýylyň 15-nji iýulyndan 25-nji awgustyna çenli kabul ediler.
Esasy resminamalaryň sanawy:
- Bellenilen nusga boýunça direktoryň adyna ýazylan arza;
- Bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- Bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- Soňky okan, işlän ýerinden ýa-da harby bölümden häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegdäki alty sany fotosurat;
- Işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Kabul ediş toparyna görkezilmeli (we göçürme nusgalary tabşyrylmaly) resminamalar:
- Pasport (eger ýok bolsa — dogluş baradaky şahadatnama);
- Harby şahadatnamasy ýa-da ýazylyş şahadatnamasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;
- Bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa girmekde artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan resminamalar (eger bar bolsa).
Möhüm: Dalaşgär nädogry maglumatlary we galp resminamalary berendigi üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary 2026-njy ýylyň 26 — 28-nji awgusty aralygynda göni lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binasynda geçiriler.
Döwlet synaglary geçiriljek dersler: Himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Synaglar orta mekdebiň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda esassyz sebäplere görä synaglara gelmedik ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedik dalaşgärler indiki synaglara goýberilmeýär.
Okuw maksatnamasyny doly tamamlan we gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlara okuwyny tamamlan ýyly başlangyç hünär bilimi hakynda diplomyň asyl nusgasy berler.
Salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (Mäti Kösäýew) köçesi, 90-njy jaý.
Telefon belgileri: 36-96-73, 36-93-82.