Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin amatly mümkinçilik elýeterli boldy. Olar okuwa resminama tabşyranlaryň san maglumatlaryny gönüden-göni dalasgar.bilim.tm internet saýtyndan yzarlap biler.
Bu platformada jemi 22 sany ýokary okuw mekdebine resminama tabşyran dalaşgärleriň sany baradaky maglumatlar yzygiderli ýagdaýda, her 24 sagatdan täzelenip durýar. Şeýle hem saýtda haýsy ýokary okuw mekdebine jemi näçe talybyň kabul ediljekdigi baradaky takyk maglumatlar hem ýerleşdirilendir.
Mundan başga-da, ýurduň 5 welaýaty, şonuň bilen bir wagtda Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça resminama tabşyranlaryň sanyny hut şu saýt arkaly aňsatlyk bilen yzarlamak mümkin.