Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji hünär-tehniki okuw mekdebi täze 2026/2027-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýändigini resmi taýdan yglan etdi. Dalaşgärlere häzirki wagtda uly isleg bildirilýän hünärler boýunça uzak we gysga möhletleýin okuw maksatnamalary hödürlenýär.
Uzak möhletli okuwlar (döwlet nusgasyndaky diplom berilýär)
1 ýyl we 1,5 ýyl dowam edýän maksatnamalaryň uçurymlaryna başlangyç hünär bilimi hakynda döwlet nusgasyndaky diplom gowşurylýar.
- 1 ýyllyk okuwlar: himiki-bakteriologik derňewiň laborantlaryny, elektromontýorlary, aragatnaşyk operatorlaryny, tikinçi-biçimçileri, arhiwçileri, dokma önümçiliginiň kömekçi ussalaryny, terbiýeçileriň kömekçilerini, şeýle-de maldar-weterinar hünärmenlerini taýýarlamak.
- 1,5 ýyllyk okuwlar: dokma senagatynyň enjamlaryny gurnaýjy slesarlary, aşpez-konditer tehnologlaryny, buhgalterçilik, kitaphana we arhiw işi, menejment boýunça hünärmenleri, kompýuter torlaryny sazlaýjylary, binagär bezegçileri, senagat we raýat jaý gurluşygynyň ussalaryny, awtomehanikleri, nebit we gaz desgalaryna tehniki hyzmat edijileri hem-de abatlaýjy ussalary, geodeziýaçylary, awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň elektromehaniklerini, çakyr we miwe suw önümçilik tehnologiýasynyň operatorlaryny, nebit-himiýa önümçiliginiň operatorlaryny, stanok we slesar işleriniň gözegçilerini, şeýle-de sanly maglumatlary işleýän operatorlary taýýarlamak.
Uzak möhletli okuwlara tabşyrmaly resminamalar: bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza we bellenen nusgadaky sowalnama (anketa), orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy, bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy, iň soňky okan, işlän ýa-da harby gulluk eden ýerinden häsiýetnama, 9 sany fotosurat (3x4), pasportyň göçürmesi, ýaşaýan ýerinden kepilnama (forma3) we üç arka maglumaty (kagyz we elektron görnüşinde).
Gysga möhletli okuwlar (şahadatnama berilýär)
Uzak möhletleýin maksatnamalardan başga-da, okuw mekdebi işçileriň we gullukçylaryň hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlygyny we hünärini ýokarlandyrmagyny üpjün edýän 2 aýdan 6 aýa çenli dowam edýän gysga möhletleýin okuwlary guraýar. Okuwy tamamlanlara degişli şahadatnama berilýär.
Okuw möhletleri aşakdaky ýaly bölünýär:
- 2 aý: gazançy, şeýle-de ýük ýüklemekde we düşürmekde polat tanaplary daňyjy-berkediji taýýarlamak.
- 3 aý: kompýuter operatorlaryny, demirbeton gurnamalary gurnaýjylary, demirbeton önümleriniň galypçylaryny, satyjylary, tikinçileri, kätip-çap edijileri, slesar-santehnikleri, elektromontýorlary (1000 W çenli), dokmaçylary, egrijileri, dokma önümçiliginiň boýagçylaryny, lenta görnüşli maşynlarynyň operatorlaryny, ýüplük saraýjylary taýýarlamak hem-de buhgalter hasabynyň esaslaryny öwretmek.
- 4 aý: daşky turbageçirijileri gurnaýjylary, dokma önümçiliginiň hil gözegçilerini, aşpez-konditerleri, elektrik togy we gaz bilen kebşirleýjileri taýýarlamak.
- 5 aý: tokarlary, awtomobil kranyň maşinistlerini, himiki derňewiň laborantlaryny, egirmeçi-dokmaçylary taýýarlamak.
- 6 aý: sowadyjy enjamlary bejeriji we hyzmat ediji ussatlary, awtoulaglary abatlaýjy slesarlary, şeýle-de kätip we kompýuter operatoryny taýýarlamak.
Gysga möhletli okuwlara tabşyrmaly resminamalar: direktoryň adyna ýazylan arza (ýa-da guramadan/kärhanadan ýollanma), orta bilim baradaky resminamanyň göçürmesi, pasportyň ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürmesi, 4 sany fotosurat (3x4).
Okuw mekdebiniň salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgileri
- Salgysy: Aşgabat şäheri, Büzmeýin etraby, Senagat köçesi, 37-nji jaý
- Habarlaşmak üçin: +993 (12) 33-43-85, +993 (12) 33-40-08
- Elektron poçtasy: 7hunarmentmekdep@gmail.com