Şmidt Okeanografiýa institutynyň alymlary «Falkor» ylmy-barlag gämisinde guralan ekspedisiýanyň dowamynda Atlantik ummanynyň ortalaryndaky suwasty daglaryň sebitinde, 710 metr çuňlukda, dünýäde örän seýrek duş gelýän Winteria telescopa atly çuňluk balygyny öz tebigy gurşawynda ilkinji gezek wideo ýazga düşürdiler.
Barrel-gözlüler (Opisthoproctidae) maşgalasyna degişli bolan bu balyk bütinleý garaňkylykda ýaşaýar we birnäçe täsin aýratynlyklara eýedir. Balygyň kellesi dury we içi suwuklykdan doly. Onuň içinde turbajyk şekilli gözleri ýerleşýär. Beýleki balyklardan tapawutlylykda, onuň gözleri kellesiniň gapdalynda däl-de, biri-birine parallel we göni öňüne bakyp duran turbajyklar görnüşindedir. Bu gurluş balyga iň ejiz ýagtylygy we Gün şöhlesiniň iň soňky galyndylaryny tutup, garaňkyda aňsat aw etmäge mümkinçilik berýär.
Mundan öň alymlar bu balygy diňe tora düşüp, suwuň ýüzüne çykarylanda näzik kellesine zeper ýeten nusgalar arkaly öwrenip bilýärdiler. Şonuň üçin bu täze wideo ýazgy ylym dünýäsi üçin örän uly ähmiýete eýedir.

Suwasty barlaglaryň dowamynda biologlar 3634 metr çuňlukda ýene bir seýrek hadysany hasaba aldylar. Olar uly ganatly kalmarlaryň (Magnapinna sp.) ikisini gördüler. Bu jandarlar özleriniň 8 metre ýetýän ýüplük şekilli gysgyçlary bilen tapawutlanýarlar.
Atlantikada geçirilen 35 günlük ekspedisiýanyň netijeleri
Ekspedisiýanyň esasy maksady Braziliýanyň kenaryndan takmynan 1300 km uzaklykda ýerleşýän Doldrams atly ägirt uly suwasty ýarygy (merkezi Atlantik ummanynda) öwrenmekdi. Barlaglaryň netijesinde alymlar möhüm geografik açyşlary etdiler. Ýarygyň çäginde ýeriň gabygyndan ýyly suw çykýan iki sany täze gidrotermal meýdança ýüze çykaryldy.

Tapylan meýdançalaryň biriniň ululygy we aýratynlyklary haýran galdyryjydyr. Onuň meýdany takmynan 99 müň inedördül metr (bu FIFA ölçegindäki 14 sany futbol meýdançasyna barabardyr).
Onda Jemi 23 sany gidrotermal çeşme bar. Çeşmeleriň 13-si işjeň «gara tüsseçiler». bolup, olar temperaturasy 280 °C-a ýetýän, düzüminde demir, mis we nikel ýaly minerallary bolan gyzgyn suwy fawwara görnüşinde atýan turbajyk şekilli suwasty emele gelmelerdir.

Bu aşa gyzgyn we kyn şertli zolakda alymlar täze, özboluşly bir ekoulgamy hasaba aldylar: ol ýerde anemonlar, krablar we müňlerçe kör Rimicaris krewetkalar ýaşaýar. Bu leňňeç şekilliler ýörite hemosintezleýji bakteriýalar bilen bilelikde ýaşaýarlar. Bakteriýalar krewetkalaryň žabralarynda ornaşyp, yssy suwdaky himiki birleşmelerden organiki maddalary öndürýärler. krewetkalar bolsa hut şol maddalar bilen iýmitlenýärler.

Ekspedisiýanyň baş ylmy işgäri Aaron Mikallef täze açyşlar hakynda umumy bir netijä gelip, şeýle diýdi :
«Hatda plitalaryň serhetleri onlarça ýyllap öwrenilip gelinýän Atlantik ummanynda-da, ilkinji gezek seredeniňde bütinleý täze zatlary ýüze çykaryp boljak ýerleriň henizem barlygy geň galdyrýar. Bu ekspedisiýa ummanyň iň alys künjeklerinde-de biziň planetamyzyň diri, dinamiki we garaşylmadyk geňlikler bilen doludygyny ýene bir gezek subut etdi».