Türkmenistan we Gruziýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy

18.07.2026, 15:361,366
1 / 3

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, talyplaryň we mugallymlaryň akademik hereketliligini giňeltmäge, bilelikdäki ylmy barlaglary, maslahatlary hem-de bilim maksatnamalaryny guramaga aýratyn üns berildi.

Lukmançylyk, energetika, nebitgaz pudagy, binagärlik we gurluşyk, ulag, sanly tehnologiýalar, emeli aň, STEAM-bilim hem-de kiberhowpsuzlyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Resmi saparyň çäklerinde bilim ulgamynda şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge we akademik alyşmalary giňeltmäge gönükdirilen birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Ilki bilen, iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama tassyklanyldy.

Şeýle-de, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklary öz içine alýar.

Mundan başga-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Gruzin tehniki uniwersiteti bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bolsa Batumi döwlet deňiz akademiýasy bilen özara Ähtnamalary baglaşdy.

Duşuşygyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň türkmen-gruzin bilim hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.