Quacquarelli Symonds (QS) agentligi okaýanlar üçin iň gowy şäherleriň täze sanawyny — QS Best Student Cities reýtingini çap etdi. Onda London şäheriniň 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek öňdeligi aldyryp, üçünji orna düşmegi esasy üýtgeşme boldy. Dünýäde birinji orna bolsa Koreýa Respublikasynyň paýtagty — Seul çykdy.
Şäheriň bu reýtinge girmegi üçin üç sany berk şerte laýyk gelmegi gerek: ilatynyň sany 250 müňden az bolmaly däl, QS-iň häzirki global sanawyndan azyndan iki sany ýokary okuw mekdebi bolmaly, şeýle-de International SOS indeksi (howpsuzlyk we lukmançylyk) boýunça töwekgelçilik derejesi ortadan ýokary bolmaly däl.
Her gatnaşyjynyň ahyrky orny alty sany esasy kategoriýa boýunça kesgitlenýär:
- Ýokary okuw mekdepleriniň orny: Ýerli uniwersitetleriň QS global reýtingindäki sany we abraýy göz öňünde tutulýar.
- Talyplaryň düzümi: Daşary ýurtly we ýerli talyplaryň paýy, şeýle hem AlTi sosial ösüş indeksi boýunça tolerantlyk (hormat, sabyrlylyk) derejesi bahalandyrylýar.
- Özüne çekijiligi: Howasy, ekologiýasy, ulagy, howpsuzlygy, korrupsiýa derejesi we ýaşlaryň hut şu ýerde okamak baradaky umumy islegi bellenilýär.
- Iş berijileriň işjeňligi: Ýaşlaryň iş üpjünçiliginiň derejesini hasaba almak bilen, uçurymlara ýerli we halkara kompaniýalaryň arasyndaky bolan islegi görkezýär.
- Elýeterliligi: Okuw töleginiň bahasy, azyk önümleriniň we kärendäniň nyrhlary Big Mak hem-de Numbe indeksleri boýunça hasaplanýar.
- Talyplaryň pikiri: Uçurymlaryň şäherde galmaga taýynlygy we 9 sany görkeziji boýunça durmuşdan umumy kanagatlylygy baradaky QS soragnamalaryna esaslanýar.

Talyplar üçin dünýäniň iň gowy 10 şäheri
1. Seul (Koreýa Respublikasy)
Günorta Koreýanyň paýtagty özüne çekijiligi, uçurymlara isleg bildirilýändigi we ýokary okuw mekdepleriniň orny boýunça birinji orny eýeledi. Şäher gije-gündizki işjeňligini howpsuzlyk we baý medeniýet (115 muzeý, buddizm ybadathanalary we seýilgähler) bilen birleşdirýär. Talyplaryň biriniň aýtmagyna görä, bu «hakyky megapolisiň mümkinçiliklerine eýe bolan, şol bir wagtyň özünde düýbünden howpsuz şäherdir». Daşary ýurtly üçin bir ýyllyk okuw, takmynan, 6300 dollara durýar, bu sanawdaky köp gatnaşyjylardan gymmat bolsa-da, goňşy Tokiodan has elýeterlidir.
2. Tokio (Ýaponiýa)
Ýaponiýanyň paýtagty ýokary durmuş hilini, nusgalyk ulag ulgamyny, arassalygy we howpsuzlygy hödürleýär. Bu ýerde durmuş gymmat, ýöne London ýa-da Mýunhendan has elýeterli. Tokionyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary IT, maliýe, lukmançylyk we konsalting ulgamlarynda uly islegden peýdalanýar.
3. London (Beýik Britaniýa)
Britaniýanyň paýtagtynda dünýäniň ilkinji onlugyna girýän Londonyň Imperiýa kolleji we Londonyň Uniwersitet kolleji ýaly 20-den gowrak iň gowy ýokary okuw mekdepleri ýerleşýär. Bu Google, Amazon we Unilever ýaly kompaniýalaryň ofisleri bolan, ägirt uly zähmet bazaryna eýe şäherdir. Talybyň durmuşy aýda ortaça $1470–1740 töweregi bolýar.

4. Mýunhen (Germaniýa)
Germaniýanyň baş biznes merkezi talyplary ösen infrastrukturasy we BMW, Allianz hem-de PwC ýaly ägirtleriň ştab-kwartiralary bilen özüne çekýär. Bu ýerdäki talyplaryň dörtden bir bölegi daşary ýurtlular (17 400-den gowrak adam). Mýunhende durmuş Berlindäkiden gymmat, ýöne daşky gurşawyň ýokary hili munuň öwezini dolýar.
5. Melburn (Awstraliýa)
Awstraliýanyň gastronomiýa paýtagty dostlukly gatnaşygy we ösen ulag ulgamy üçin talyplardan iň ýokary bahalary aldy. Şäher ilatynyň tas 40%-i daşary ýurtda doglanlar. Daşary ýurtly talyplar okuw wagtynda hepdede 40 sagada çenli işläp bilýär, durmuş çykdajylary bolsa aýda $1400-den $3920-ä çenli barýar.
6. Sidneý (Awstraliýa)
Awstraliýanyň maliýe merkezi we daşary ýurtlular üçin dünýäniň iň myhmansöýer şäherleriniň biri. Sidneý «Mercer» we «The Economist» neşirleriniň görkezijileri boýunça ýaşamak üçin iň amatly ýerleriň hataryna girýär, şeýle hem haýking we sörfing üçin ajaýyp mümkinçilikleri hödürleýär. Ýerli uçurymlary Apple, Google, Microsoft we «uly dörtlügiň» kompaniýalary höwes bilen işe alýar.
7. Berlin (Germaniýa)
Berliniň esasy artykmaçlygy — hemmeler üçin döwlet ýokary okuw mekdeplerinde okuwyň mugt bolmagy we ýaşamak üçin amatly bahalardyr. Talyplar bu şäheri liberal atmosferasy we baý medeni durmuşy üçin gowy görýär, iş berijiler bolsa bu ýerde inženerleri, lukmanlary we IT hünärmenlerini işjeňlik bilen gözleýär.

8. Pariž (Fransiýa)
Pariž ýaşlary taryhy mirasy we gyzykly gijeki durmuşy bilen özüne çekýär. Karýera nukdaýnazaryndan şäher «La Defans» biznes raýony bilen güýçlüdir, ol ýerde uçurymlara L'Oréal, Nestlé we Procter & Gamble kompaniýalarynyň ofisleri garaşýar.
9. Sýurih (Şweýsariýa)
Sýurihde ýaşamak gymmat bolsa-da, okuw üçin töleg aram derejede (ýylda, takmynan, $2100) bolup, şäheriň özi Alplara ýakyndyr. Ýerli bilim dünýä hil belgisine eýedir: Sýurih ýokary tehniki mekdebi dünýäniň top-10-lugyna girýär. Uçurymlara söwda, binagärlik we inženerçilik ulgamlarynda uly isleg bar.

10. Wena (Awstriýa)
Awstriýanyň paýtagty medeni baýlygyň we elýeterliligiň kämil sazlaşygy netijesinde onlugy jemleýär. Bu ýerde ýokary bilim ýylda, takmynan, $900-a düşýär, merkezde kärendäni hasaba almak bilen ýaşamak bolsa aýda $2000 töweregi bolýar. Wenanyň ýokary okuw mekdepleriniň diplomlary zähmet bazarynda hemişe ýokary bahalandyrylýar.