Türkmen mekdep okuwçylary 10-21-nji iýul aralygynda Şanhaýda geçirilen 67-nji Halkara matematika olimpiadasynda (IMO-2026) bir kümüş we üç bürünç medal gazandy.
Bäsleşige 119 ýurtdan 685 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Türkmenistana alty sany okuwçy wekilçilik etdi.
Kümüş medaly Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Agaperman Berdimyradow aldy.
Bürünç baýraklara bolsa Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Begenç Akmyradow, Aşgabat şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mälikşa Meýlismyradow, şeýle hem şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bellenilişi ýaly, mekdep okuwçylarynyň halkara ders olimpiadalaryna gatnaşmagy olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, ylmy hem-de döredijilik işlerini goldamak we zehinli ýaşlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň bir bölegidir.