Lamborghini samuraýlaryň stilinde Revuelto-nyň eksklýuziw görnüşini çykardy

Düýn, 11:472,666
1 / 5

Lamborghini kompaniýasy ýörite Revuelto Impavido superkar tapgyryny tanyşdyrdy. Ol bary-ýogy 25 nusgada öndürilip, diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenendir.

Model kompaniýanyň Ýaponiýadaky bölümçesiniň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Kompaniýa ulagyň dizaýnyny işläp taýýarlamakda busido medeniýetinden ylham aldy.

«Impavido» ady italýan dilinden «gorkmazak» diýlip terjime edilýär. Awtomobiliň daşky bezegi samuraý esbaplarynyň stilinde ýerine ýetirildi. Kuzowdaky bezeg çyzyklary katananyň (ýapon gylyjynyň) yzlaryny alamatlandyrýar, bürünç elementler odosigeni ýatladýar, öňki böleginiň dizaýny bolsa samuraý tuwulgasynyň bezegine meňzeşdir.

Alyjylara kuzow üçin boýagyň dört görnüşi hödürlener. Ýalpyldawuk Verde Campus we Grigio Artis Lucido ýapon nefritinden we gylyjyndan ylham alan bolsa, ýalpyldysyz Grigio Crater Matt we Rosso Pyra — gara sowutlardan we Sanada Red reňkinden ylham aldy.

Ähli awtomobiller diametri 21 we 22 dýuým bolan süýme tigir diskleri, bürünç tormoz supportlary we gaz çykarýan ulgamyň gara reňkli turbalary bilen enjamlaşdyryldy.

Interýer Nero Ade derisinden, Corsa-Tex materialyndan we bürünç bezeg elementlerinden taýýarlandy. Oturgyçlarda, gapylarda we potolokda ýörite nagyş çekildi, superkaryň bu tapgyra degişlidigini bolsa 1-den 25-e çenli şahsy belgisi bolan uglerod-plastik tablisa tassyklaýar.

Tehniki taýdan Revuelto Impavido adaty görnüşden tapawutlanmaýar. Gibrid güýç gurluşy 6,5 litr göwrümli V12 atmosfera hereketlendirijisi, üç sany elektromotor we sekiz basgançakly geçiriş gutusyny özünde birleşdirýär. Umumy kuwwaty 1015 at güýjüne barabardyr, sagatda 100 km tizlige ýetmek üçin 2,5 sekunt ýeterlik, iň ýokary tizlik bolsa sagatda 350 km-den geçýär.

Kompaniýa entek bu ýörite tapgyryň bahasyny mälim etmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.