Lamborghini italýan tikinçilik sungaty usulynda döredilen eksklýuziw Temerario modelini hödürledi

Şu gün, 14:041,150
1 / 9

Lamborghini kompaniýasy özüniň Ad Personam şahamçasy tarapyndan dizaýn edilen iki sany özboluşly görnüşe eýe Temerario superkaryny tanyşdyrdy. Italiýanyň milli tikinçilik sungatynyň usullaryna eýerilip dizaýnlaşdyrylan awtomobiller lybas tikilmezden öň matanyň üstüne çyzylýan çyzgylara meňzeş kontrast zolaklary bilen tapawutlanýar.

Iki awtomobil hem birmeňzeş dizaýn usulynda ýerine ýetirilen bolsa-da, kuzowynyň reňki we salonyň bezeg serişdeleri boýunça birek-birekden tapawutlanýar. Tapawutly zolaklar kuzowyň ýalpyldysyz örtüginiň üstünden geçirilip, onuň geometriýasyny hem-de bölekleriniň birleşýän ýerlerini mese-mälim görkezýär.

Lamborghini-niň wekilleriniň düşündirmegine görä, dizaýnerler bu gezek Italiýada öndürilýän ýokary hilli erkek kostýumlarynyň tikiliş tilsimatyndan ylham aldylar. Awtomobiliň daşyndaky zolaklar tikinçiniň matanyň ýüzüne çyzýan ölçeglerini ýatlatmalydyr. Şeýle elementler salonyň bezeginde hem ulanyldy, ol ýerdäki zolaklar san belgileri bilen üpjün edilip, salony hakyky eşik biçüwine meňzetdi.

Öňräk Bugatti kompaniýasy hem şuňa çalymdaş dizaýnly W16 Mistral modelini hödürläpdi. Ýöne Lamborghini ondan tapawutlylykda, diňe bir «çyzylan» awtomobil taslamasyny döretmäge çalyşman, eýsem ony italýan modasy bilen berk baglanyşdyrmaga-da ýykgyn etdi.

Temerario ilkinji gezek 2024-nji ýylda Huracan modeliniň ornuny tutujy hökmünde tanyşdyrylypdy. Superkar 4,0 litrlik V8 hereketlendirijisi we üç sany elektromotory birleşdirýän, umumy kuwwaty 920 at güýjüne deň bolan gibrid güýç ulgamy bilen üpjün edilendir.

Gürrüňi edilýän taslama model üçin döredilen ilkinji aýratyn dizaýn däldir. Biraz wagt öň ABŞ-nyň bazary üçin onuň daşyna «kristal» reňk berlen we diňe şol boýag işi iki aýa çeken ýörite nusgasy hem döredilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.