Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebine nädip girmeli: hünärler we kabul ediş şertleri

24.07.2026, 18:285,187

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär.

Oňa umumy orta bilimli, 35 ýaşyna çenli bolan Türkmenistanyň raýatlary girip biler. Saýlap almak giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda geçirilýär.

Okuw tölegli bolup, möhleti 2,5 ýyldyr.

Resminamalar Aşgabat şäherinde kabul edilýär.

Hünärler:

  • Elektrik beketler, torlar we ulgamlar.
  • Energiýa hojalygy we elektrik üpjünçiligi.
  • Elektroenergetika ulgamlarynyň rele goragy we awtomatikasy.
  • Elektrogeçiriji ugurlaryny gurnamak we ulanmak.
  • Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
  • Elektrik beketlerinde suwuň, ýangyjyň we çalgy materiallaryň tehnologiýasy.
  • Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
  • Kompýuter torlary.
  • Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.

Gerekli resminamalar

Okuwa girmäge isleg bildirýänler kabul ediş toparyna resminamalaryň esasy toplumyny tabşyrýar:

  • bellenilen nusga boýunça direktoryň adyna arza;
  • bellenilen nusga boýunça sowalnama (anketa);
  • umumy orta bilim hakyndaky resminamanyň asyl nusgasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • bellenilen nusga boýunça okuw tölegini öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi (işleýänler üçin).

Şeýle hem aşakdaky resminamalar görkezilýär we göçürmeleri tabşyrylýar:

  • pasport;
  • harby şahadatnamasy (gulluk edenler üçin) ýa-da ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwahaty bilen bilelikde ýazylyş şahadatnamasy (gulluk etmedik ýigitler üçin).

Mekdep okuwçylarynyň okuwa girýän ýylynda dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalary giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaç hukuklardan peýdalanmak üçin tassyklaýjy resminamalaryň asyl nusgalaryny berýär. Dalaşgärler şeýle hem artykmaç hukuklary tassyklaýan beýleki resminamalary berip biler.

Ýalňyş berlen maglumatlar we resminamalar üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Synaglar we okuwa kabul edilmek

Giriş synaglary okuw mekdebiniň özünde geçirilýär. Synaglar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamasy boýunça döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Synag dersleri:

  • Fizika
  • Matematika
  • Türkmenistanyň taryhy

Esassyz sebäplere görä synaga gelmedik ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedik dalaşgärler indiki synaglara goýberilmeýär.

Alnan bahalar deň bolan ýagdaýyndaky artykmaçlyklar: Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alnan ýagdaýynda saýlanan hünäri boýunça azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolanlar, şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçenler okuwa kabul edilmekde artykmaç hukukdan peýdalanýar.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan köçesi, 13-nji jaý.

Telefon belgileri: 42-83-73, 49-48-05, 49-48-16, 49-35-06.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.