Nike gyzdyrýan funksiýasy bolan şypbyk çykardy. Bahasy 250$

29.07.2026, 08:314,047
1 / 2

Nike kompaniýasy Hyperice bilen hyzmatdaşlykda türgenleşiklerden soň aýaklary dikeltmek üçin niýetlenen Air Zoom Hyperslide ýokary tehnologiýaly şypbyklaryny hödürledi.

Aýakgap gyzdyryş we yrgyldy funksiýalary bolan, aýrylyp-dakylýan Hyperslide Pods modullary bilen işleýär. Modullar magnitleriň kömegi bilen şypbygyň ýokarky böleginde berkidilýär we Selsiý boýunça 42,8-den 47,2 derejä çenli aralykda üç hili gyzdyryş režimini üpjün edýär.

Enjam içki akkumulýatordan işleýär we onuň zarýady bir sagat yzygiderli peýdalanmaga ýetýär. Zarýad bermek USB Type-C porty arkaly amala aşyrylýar. Modulyň funksiýalaryny smartfondaky ykjam programma arkaly hem, aýakgapdaky fiziki düwmeleriň kömegi bilen hem dolandyryp bolýar. Öndüriji gyzdyrma funksiýasy işledilende oňaýsyzlyk döremez ýaly Air Zoom Hyperslide-y joraply geýmegi maslahat berýär.

Air Zoom Hyperslide-yň satyşlary ABŞ-da 2026-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda 250 dollardan başlanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.