Ýaponiýada 7,1 bal ululykda ýertitreme boldy. Azyndan 50 adam zyýan çekdi

29.07.2026, 13:106,610
1 / 5

Ýaponiýanyň günorta-günbatarynda 7,1 bal ululykda güýçli ýertitreme boldy. Deslapky maglumatlara görä, azyndan 50 adam zyýan çekdi, tebigy betbagtçylygyň netijelerine baha bermek işleri dowam edýär diýip, «Kyodo» agentligi habar berýär.

Ýapon meteorologiýa agentliginiň maglumatyna görä, ýertitremäniň ojagy Kumamoto prefekturasynda, takmynan, 10 kilometr çuňlukda ýerleşdi. Ýertitremeden soň Ariake we Ýasusiro aýlaglary üçin sunami howpy barada duýduryşlar yglan edildi, ýöne soňlugy bilen olar ýatyryldy.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaiti zyýan çekenleriň sany we ýetirilen zyýanyň möçberi baradaky maglumatlaryň takyklaşdyrylýandygyny aýtdy.

«Käbir etraplarda elektrik üpjünçiliginde bökdemeler we ýangynlar boldy, şeýle hem ýollara we köprülere zeper ýetdi, binalar ýykyldy» – diýip, premýer-ministr belledi.

Ýerli habar beriş serişdeleri awtomobil ýollarynda uly jaýryklaryň emele gelendigi barada habar berýär. Kumamoto prefekturasynda demir ýol gatnawlary saklandy, ýerli aeroport bolsa wagtlaýyn gatnawlary kabul etmeýär we ugratmaýar.

Ýerasty sarsgynlardan soň söwda merkezleriniň birinde partlamalar bolup geçdi, netijede binanyň bir bölegine zeper ýetdi. Deslapky maglumatlara görä, toplumyň 20–30 töweregi işgärleri bilen aragatnaşyk ýitirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.