Ylmy barlag guşçulyk pudagynyň howply bakteriýalary ýaýradýandygyny ýüze çykardy

05.08.2026, 15:148,734
1 / 3

Guşçulyk pudagy içgeçmäniň dünýäde iň giň ýaýran bakterial sebäbi bolan kampilobakteriýalaryň köpelmegine we özgermegine ýardam edýär. Şeýle netijä gelen britan alymlary ylmy barlagyň jemlerini Proceedings of the National Academy of Sciences žurnalynda çap etdiler.

Alymlar 1979-2024-nji ýyllar aralygynda 30 ýurtda öý towuklaryndan we ýabany guşlardan alnan bakteriýalaryň 2800-e golaý genomyny seljerdiler.

— Towuklaryň sanynyň tiz artmagy bilen olara ýabany guşlaryň dürli görnüşlerinden ştammlar (bakteriýa görnüşleri) ýygy-ýygydan ýokaşýar. Olar bakteriýalaryň ewolýusiýasy üçin özboluşly bir «ojaga» öwrülýär — diýip, Oksford uniwersitetiniň professory we barlagyň uly awtory Sem Şeppard düşündirýär. — Köp sanly ştammlar bir-birine garyşýar-da, gibridleşýär. Bu bize asyl gerek däl, sebäbi şeýle ýagdaýda bakteriýalardan täze «has haýbatly arwahlar» ýüze çykýar.

Kampilobakteriýalar gastroenteritiň iň giň ýaýran bakterial sebäbi bolup durýar. Alymlaryň çaklamalaryna görä, keselleme ýagdaýlarynyň 60%-den 80%-e çenlisi ýeterlik derejede bişmedik towuk etini iýmek ýa-da onuň beýleki iýmit önümleri bilen galtaşmagy sebäpli ýüze çykýar.

Eger et ýokary gyzgynlykda bişirilse, patogen mikroorganizmler öler. Emma olaryň bişirilmezden öň gök önümlere, eliňize ýa-da pyçaga geçmegi üçin ujypsyzyja mukdary hem ýeterlikdir – diýip Şeppard düşündirýär.

Barlagyň awtorlary 1960-njy ýyllardan bäri dünýäde towuklaryň sanynyň takmynan ýedi esse artyp, 27 milliarda golaýlandygyny aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, guşçulyk pudagynyň giňelmegi täze bakteriýa ştammlarynyň döremegi we olaryň antibiotiklere bolan durnuklylygynyň ýokarlanmagy bilen bagly jemgyýetçilik saglygy üçin goşmaça töwekgelçilikleri döredýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.