Microsoft üstümizdäki ýylyň geçen çärýeginde täze maglumat merkezlerini kärendesine almak barada 130 milliard dollarlykdan gowrak şertnama baglaşdy. Korporasiýa bu barada geçen çärýegiň we iýunda tamamlanan maliýe ýylynyň netijeleri baradaky hasabatynda yglan etdi.
Financial Times gazetiniň ýazmagyna görä, bu Microsoft-yň taryhyndaky iň uly çärýeklik ösüşdir.
Microsoft kompaniýasynyň geljekki kärende tölegleriniň umumy möçberi (tölegler heniz başlamadyk) 196,6 milliard dollardan 329,1 milliard dollara çenli ýokarlandy.
Infrastrukturanyň giňelmegi emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi netijesinde bulut hyzmatlarynyň satuwynyň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Microsoft emeli aň işläp düzüjileriniň, esasanam OpenAI we Anthropic kompaniýalarynyň artýan isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýär.
Microsoft kompaniýasynyň çärýeklik girdejisi 90 milliard dollara deň boldy, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18% ösüşdir. Arassa girdeji 31% ösüp, 35,8 milliard dollara ýetdi. Azure bulut hyzmatlaryndan we beýleki täjirçilik bulut çözgütlerinden gelýän girdeji 43% ýokarlandy, sargytlaryň bukjasy bolsa 84% ösüp, 678 milliard dollara ýetdi.
Microsoft kompaniýasynyň baş direktory Satýa Nadella kompaniýanyň geljek iki ýylyň dowamynda maglumat merkeziniň kuwwatyny iki esse artdyrmagy niýet edinýändigini yglan etdi. Korporasiýa geçen maliýe ýylynda eýýäm 88 sany täze maglumat merkezini işe girizdi.
Microsoft kompaniýasynyň ýolbaşçylary umumy möçberi 130 milliard dollardan gowrak bolan borçlaryň häzirki wagtda kompaniýanyň şu wagtky çykdajylarynda görkezilmeýändigini aýdyňlaşdyrdylar. Olar kärendesine alnan desgalar işe girizilip, tölegler amala aşyrylyp ugranda kem-kemden nazara alnar.