Alymlar 20 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek Galapagos adalarynda ýylmanak çekiçkelle akulalary ýüze çykardy. Bu görnüş uzak wagtlap arhipelagda görünmändi diýip, «The Independent» habar berýär.
«Galapagos adalary ýüzgüçleriniň gyralary gädilen çekiçkelle akulalaryň uly sürüleri bilen meşhurdyr, ýöne ýylmanak çekiçkelle akulalar arhipelagda 20 ýyldan gowrak wagt bäri resmi taýdan hasaba alynmandy» – diýip, Tehasyň A&M uniwersitetiniň alymy Mariýa Antoniýa aýdýar.
Ýylmanak çekiçkelle akulalar adaty çekiçkelle akulalardan daşky keşbi bilen tapawutlanýar. Olarda kelläniň öňdäki gyrasynda merkezi çukur ýokdur. Bu görnüşiň durmuşynyň köp taraplary Ýuwaş ummanyň gündogar tropiki zolagynda bolşy ýaly, tutuş dünýäde hem az öwrenilendir.
«Olaryň nirä gidýändikleri, nirede iýmitlenýändikleri we olaryň populýasiýasynyň ýagdaýynyň nähilidigi barada biz örän az bilýäris» – diýip, Antoniýa belleýär.
Görnüşe degişlidigini genetik we morfologik seljerme arkaly tassyklamak başartdy. Häzirki wagtda hünärmenler akulalaryň näme üçin bu zolagy ulanýandygyna, aýlagda näçe wagt galýandyklaryna we olaryň Ýuwaş ummanyň gündogar tropiki zolagyndaky beýleki populýasiýalar bilen baglanyşyklydygyna ýa-da däldigine düşünmäge synanyşýar.
«Biz Galapagos arhipelagynyň demirgazyk we günorta populýasiýalaryň arasynda baglanyşdyryjy zynjyr hökmünde çykyş edýändigini ýa-da däldigini kesgitlemek üçin tutuş sebitdäki akulalaryň DNT-sini deňeşdirýäris» – diýip, Antoniýa anyklaşdyrdy.
Gözlegçiler akulalaryň ýerini üýtgetmelerine gözegçilik etmek üçin suwasty wideoulgamlaryny ulanýar, şeýle hem olaryň iýmitleniş rasionyny öwrenýär. Olar bu görnüşiň ýerini üýtgetmegi baradaky maglumatlaryň olary gorap saklamaga kömek etjekdigine bil baglaýar.