Serdar Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy

08.08.2026, 08:2210,076

Häzirki wagtda zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji awgustdda ir säher bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli ýörişi amala aşyrdy. Munuň özi jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň nobatdaky beýany boldy diýip, TDH habar berýär.

Welosipedli gezelenjiň dowamynda döwlet Baştutany Awazanyň ajaýyp gözelliklerini we Hazar deňziniň kenaryny synlady. Ýurtda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek asylly däbe öwrülip, ol saglygy berkitmäge we tebigata aýawly garamak duýgusyny ösdürmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem bu ugurdaky tagallalaryň halkara derejedäki ykrarnamasydyr.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ekologik abadançylygy üpjün etmek, bagy-bossanlygy giňeltmek we arassaçylygy saklamak işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Häzirki wagtda bu künjek diňe bir şypahana we dynç alyş zolagy bolman, eýsem döwrebap sport toplumlaryny özünde jemleýän halkara sport ýaryşlarynyň, şeýle-de halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.