47 ýaşly alym iki ýylda biologik taýdan 32 ýaşly ýigide öwrüldi

18.08.2026, 10:2116,033

Singapuryň Milli uniwersitetiniň barlagçysy Din Ho iki ýyllap öz bedeniniň mümkinçiliklerini synap, üýtgeşik bir netije gazandy. Onuň pasportdaky hakyky ýaşy 47-ä ýeten hem bolsa, bedeniniň biologik ýaşy 32 diýlip kesgitlendi. DELTA ylmy-taslamasynyň çäginde geçirilen bu synag hakynda MedicalXpress neşiri gürrüň berýär.

Synag üçin Ho gije-gündizde takmynan 20 sagatlap aç gezdi, birnäçe gezek 48 sagatlap hiç zat iýmedi, her gün irden 90 minutlap türgenleşik geçirdi we gök önümlerden, dürli dänelerden, zeýtun ýagyndan hem-de ýagsyz beloklardan (proteinden) ybarat berhiz saklady. Içgilerden diňe suw, elektrolitler, gara kofe we süýtsüz hem şekersiz çaý içdi.

Barlagçy takmynan sekiz aýlap üç sany enjamy — Whoop, Garman we Apple Watch dakyndy. Olaryň kömegi bilen kärdeşleri onuň bedeniniň fiziologik görkezijilerini, salynýan fiziki agramyň täsirini yzarladylar.

Synag döwründe metabolik geçiş tizligi, ýagny bedeniň energiýa çeşmesi hökmünde şekerden ýaga geçmek ukyby 24 sagatdan 16,5 sagada düşdi.

Dynç alýan wagtyndaky ýürek urşunyň ýygylygy minutda 65-den 46 urga çenli peseldi, ukynyň dowamlylygy takmynan bäş sagatdan sekiz sagada çenli artdy, uka gidýän wagty bolsa gije ýarymdan sagat 21:00-a süýşdi. Onuň aşgazan-içege ulgamynyň barlagy (mikrobioma derňewi) hem oňyn üýtgeşmeleri görkezdi.

Şunlukda gözlegçileriň döreden emeli aň algoritmi Honuň biologik ýaşyna 32 ýaşly adam diýip, baha berdi.

Şeýle-de bolsa awtorlar synagyň diňe bir adam arkaly geçirilendigi üçin bu netijeleri hemmelere degişli edip bolmajagyny düşündirýärler.

DELTA taslamasy dowam edýär, onuň aralyk netijeleri bolsa PLOS One žurnalynda çap edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.