ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edýän müdiriýeti (FDA) Wandercraft kompaniýasynyň oýlap tapan Eve atly şahsy ekzoskeleti (daşky gaňyly) ulanmaga rugsatnama berdi. Bu enjam oňurga şikesinden ejir çekýän we maýyp arabasyna bagly bolan uly ýaşly adamlara niýetlenendir.
Täze enjam maýyplara gözegçilik astynda binalaryň içinde we daşarda, tekiz ýerlerde ýöremäge mümkinçilik berýär. Ekzogaňyl ulanyja gündelik durmuşda aýak üstünde durmaga, ýöremäge, egilmäge we ellerini rahat ulanmaga ýardam berýär.

Wandercraft kompaniýasy Eve ekzoskeletini 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ABŞ-da satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Enjam diňe rugsatnama bilen işleýän lukmanlaryň barlagyndan soň bellenilýär. Şeýle hem ulanyjylar we olara gözegçilik edýän adam bäş sapardan ybarat (hersi 2 sagatlyk) ýörite okuw tälimini geçmeli bolar.
Kompaniýa döwlet (Medicare) we hususy ätiýaçlandyryş maksatnamasy arkaly 60–90 günüň dowamynda çykdajylaryň ýapylmagyna garaşýar hem-de şonuň hasabyna enjamy elýeter etmegi meýilleşdirýär.

Eve enjamy dünýäniň 150-den gowrak hassahanasynda ulanylýan Atalante X ekzoskeletiniň has kämilleşdirilen görnüşidir. Ondan tapawutlylykda, Eve ýörite öýde we gündelik durmuşda ulanmak üçin dizaýn edildi. Enjam maýyp arabasynyň ornuny tutmaýar, ýöne hassalara aýak üstünde ýöremäge mümkinçilik döredýär.
