Şazada Harri we ýene alty şikaýatçy Londonyň Ýokary kazyýetinde şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi baradaky kazyýet işinde utuldy. Olar «Daily Mail» neşirýatyna 9,54 million funt sterling (takmynan, 11,1 million ýewro) möçberinde başlangyç tölegi geçirmäge borçly edildi.
Bu tölegi şikaýatçylar 28-nji awgusta çenli bilelikde geçirmeli.
Şazada Harriden başga-da, şikaýatçylaryň arasynda aýdymçy Elton Jon, onuň dosty Dewid Ferniş, şeýle hem beýik britaniýaly aktrisa we model Liz Hörli bar.
Geljekde bu iş boýunça tölegleriň umumy mukdary 25 million funt sterlinge (takmynan, 29 million ýewro) ýetip biler.
Londondaky kazyýet iýul aýynyň başynda agzalan iş boýunça çözgüdi «Daily Mail» we «Mail on Sunday» gazetleriniň neşirýatynyň bähbidine çykardy. Şikaýatçylar topary Associated Newspapers Limited (ANL) kompaniýasyny yzarlamakda we bikanun maglumat toplamakda aýyplady.
Arz edijileriň nygtamagyna görä, ANL olaryň ses poçtasyny we telefon gepleşiklerini bikanun diňlemek, şeýle hem gizlin şahsy maglumatlaryny almak üçin hususy detektiwleri işe çekipdir.
Kazyýet dawasynyň uly bölegi maglumatlary toplamagyň usullaryna degişli boldy. Çünki, şikaýatçylaryň pikiriçe, bu usullar olaryň şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligi baradaky hukuklaryny bozýardy.