Ýewropa gaz ibermekde Norwegiýa amerikanlardan öňe geçdi

Şu gün, 15:271,867

Norwegiýa ilkinji gezek ABŞ-ny yzda galdyryp, Ýewropa Bileleşigini gaz bilen üpjün etmekde birinji orna geçdi. Muny Brýusseldäki brifingde Ýewrokomissiýanyň wekili Ewa Hrsinowa habar berdi.

2025-nji ýylda Norwegiýa Ýewropa 114,9 milliard kub metr gaz iberdi, şol bir wagtda ABŞ-dan gelen üpjünçilik göwrümi 106,6 milliard kub metre deň boldy.

Häzirki wagtda ÝB ýurtlary gyş möwsüminiň öňüsyrasynda ýerasty gaz ammarlaryny işjeň doldurýar. Olaryň häzirki dolulyk derejesi 62% töweregi bolup, meýilleşdirilen maksatlaýyn görkeziji 80% derejesinde bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde, Norwegiýanyň «Gassco» operatorynyň maglumatyna görä, Norwegiýa gazynyň takmynan 10%-i Beýik Britaniýanyň paýyna düşdi.

Ýewropa Bileleşigi onýança Russiýadan suwuklandyrylan tebigy gazyň importyny ösdürmegini-de dowam edýär. Iýun aýynda onuň göwrümi geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 14% artdy. «Welt» neşiriniň maglumatlaryna görä, Russiýanyň suwuklandyrylan tebigy gazy satmakdan alýan girdejileri günde 60 million ýewro ýetipdi.

2026-njy ýylyň ikinji çärýeginde suwuklandyrylan tebigy gazyň Ýewropa Bileleşigine tutuş importynyň 13,4%-i rus gazynyň paýyna düşdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.