ÝB-niň alty ýurdy nebit kompaniýalaryna aşa uly girdeji üçin salgyt salmagy talap edýär

Düýn, 15:522,190

Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Polşa, Portugaliýa we Ispaniýa Ýewropa Bileleşigini (ÝB) nebit kompaniýalarynyň aşa uly girdejileri üçin salgyt salmak meselesini maslahatlaşmaga çagyrdylar. Bu başlangyç dünýä bazaryndaky durnuksyzlygyň täsiri netijesinde olaryň girdejileriniň birden ýokarlanmagy bilen baglydyr diýip, AFP agentligi habar berýär.

Bäş ýurduň maliýe ministrleri Ispaniýanyň ykdysadyýet ministri bilen bilelikde häzirki wagtda ÝB-de başlyklyk edýän Irlandiýanyň maliýe ministrine köpçülikleýin hat iberdiler. Olar täze töleg baradaky meseläni birleşigiň maliýe ministrleriniň geljek aý Dublinde geçiriljek duşuşygynyň gün tertibine girizmegi teklip etdiler. 

«Nebit kompaniýalary çig nebitiň bahalarynyň ösüşinden ep-esli öňe geçýän umumy peýdany we nebit önümleri boýunça girdeji bölegini alýarlar. Biz soňky ençeme ýylyň dowamyndaky üpjünçiligiň iň uly sarsgylarynyň birini başdan geçirýäris, tutuş dünýäde ýaşaýyş serişdeleriniň gymmatlamagyna bolan nägilelik artýar» diýip, alty ýurduň ministri hatda belläp geçýärler.

Resminamanyň awtorlary artykmaç girdeji salgydynyň umumyýewropa ulgamy boýunça sala salşygyna başlamagy we 2022-nji ýylda girizilen wagtlaýyn salgyt tejribesine esaslanmagy teklip etdiler.

Biraz wagt öň Germaniýanyň maliýe ministri Lars Klingbaýl energetika kompaniýalarynyň dörän ýagdaýdan sarp edijileriň zyýanyna peýdalanmaly däldigini ýaňzydypdy. Muňa garamazdan, täze salgyt barada entek gutarnykly karara gelnenok. Euronews-da  hatyň heniz doly ylalaşylmandygy, çap edilen resminamanyň bolsa deslapky taslamadygy bellenilýär. 

Aýratynlykda alanyňda ýurtlaryň öz içinde-de garma-garşylyklar bar. Meselem, Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy aşa uly girdeji salgydynyň girizilmegini goldaýar, emma kansler Fridrih Mers we onuň «Hristian-demokratik birleşigi» partiýasy bu çärä garşy çykyş edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.