Gwineýanyň paýtagtynda zibil üýşmeginiň ýykylmagy pajyga getirdi

Düýn, 14:395,671
1 / 2

Gwineýanyň paýtagty Konakriniň çetindäki Dar-es-Salam raýonynda zir-zibil poligony ýykylyp, azyndan 30 adam pida boldy, ýene 22 adam şikes aldy. Pajygaly waka 23-nji awgustda ýagan güýçli ýagynlardan soň bolup geçdi.

Zibil we toprak üýşmegi gije sagat 2 töwerekleri aşak gaýdyp, birnäçe öýi, çadyrlary we çatmalary weýran etdi. Zyýan çekenleriň arasynda alty sany agyr ýaralanan we 16 sany ýeňil şikes alan adam bar.

Halasgärler we ýörite tehnika zibil üýşmeklerini arassalap, olaryň aşagynda galan adamlary gözleýär.

Gwineýanyň premýer-ministri Amadu Uri Bah pajyganyň bolan ýerine bardy. Onuň aýtmagyna görä, häkimiýetler «lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmek we zyýan çekenlere goldaw bermek üçin zerur çäreleri görýär».

Iň erbet ýeri — ýagynly möwsümde ýykylyp gaýtmak howpy bolany üçin hut 23-nji awgustda zir-zibil meýdançasyny ýapmak meýilleşdirilipdi. Pajygadan birnäçe gün öň häkimiýetler golaýdaky öýleriň ýaşaýjylaryny göçürmek barada tabşyryk beripdi. Köpler howply zolagy terk etdi, ýöne käbirleri öýlerinde galan eken.

«Biz galan maşgalalaryň hem başga ýere göçürilmegini gazanarys» – diýip, Ýerli dolandyryş we merkezsizleşdirmek ministri Dýenabu Ture belledi.

Ýerli ýaşaýjylar birnäçe aýlap häkimiýetlere howp barada duýduryş berendiklerini aýdýarlar.

Raýonyň ýaşaýjylarynyň biri Sire Diallo hadysanyň netijesinde bäş çagasyny ýitirdi.

«Çagalarymyň hemmesini ýitirdim. Indi maňa diňe Hudaýa bil baglaýmak galýar» – diýip, aýal derdinýär.

Hökümet heläkçiligiň sebäplerini derňemäge we degişli netijeleri çykarmaga wada berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.