«Narra» taýfuny sebäpli Hytaýda we Wýetnamda 60 müň adam göçürildi

Şu gün, 00:06682
1 / 2

Hytaýyň günortasyna we Wýetnamyň demirgazygyna inen «Narra» taýfuny güýçli sil suwlarynyň gelmegine we ýer süýşmelerine sebäp boldy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Tebigy betbagtçylygyň netijesinde bir adam aradan çykdy, 60 müňden gowrak ýaşaýjy howpsuz ýerlere göçürildi, 55 müňe golaý hojalyk elektrik üpjünçiliginden mahrum boldy.

Taýfun özi bilen bilelikde güýçli ýagynlary we tizligi sagatda 88 kilometre, güýjän wagty 117 kilometre ýetýän tupan getirdi. Bir gije-gündiziň dowamynda käbir künjeklerde 300 millimetre çenli, soňky üç günüň içinde bolsa jemi 500 millimetre çenli ýagyn düşdi.

Hytaýyň günortasynda 15 sany derýa hanasyndan çykdy. Ýollary we boýy pesräk binalary-da suw basdy. Wýetnamda bolsa sil 10 müň gektardan gowrak meýdandaky ekinleri ýok etdi.

Tebigy betbagtçylyk sebitiň ep-esli bölegine zyýan ýetirdi. Suw joşgunlary bilen bagly ýagdaýyň has-da ýitileşmegine garaşylýar. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, «Narra» haýallyk bilen gündogara we demirgazyk-gündogara tarap süýşer, taýfunyň täsiri 27-nji awgustdan bäri gowşamaz.

Ýakyn bir-iki günüň dowamynda derýalarda suwuň derejesiniň has-da ýokary galmagyna we suw basan zolaklaryň giňemegine garaşylýar. Ejir çekenlere kömek bermäge harbylar hem girişdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.