Tokaý bilen deňiz aralygynda: ýapon arhitektory täze myhmanhanany sungat eserine öwürdi

Şu gün, 00:012,897
1 / 14

Ýaponiýaly binagär, Pritzker baýragynyň eýesi Sigeru Ban Awadzi adasynda Pasona Natureverse Retreat sagaldyş myhmanhanasynyň gurluşygyny tamamlady. Taslama, ilkinji nobatda, 30 gün we ondan hem köp wagt dowam edýän saglyk dikeldiş maksatnamalary üçin niýetlenendir.

Myhmanhana deňiz kenarynda, Kobe şäherine golaý adanyň eteginde ýerleşýär. Taslamanyň üstünde işläninde, Sigeru Ban onuň deňiz bilen tokaýyň arasynda ýerleşýändigine aýratyn üns beripdir.

Bina D harpy görnüşinde gurlan. Ondaky 57 otag depesinden tebigy ýagtylyk düşýän uly merkezi atriumyň töwereginde ýerleşdirilipdir. Otaglaryň ýarysynyň penjireleri deňze, galan ýarysynyňky bolsa tokaýa bakyp dur.

«Biri-birine düýbünden garşylykly landşafty bilen kesgitlenýän bu ýeriň özboluşlylygyny görkezmek maksady bilen biz gündogar we günbatar tarap üçin tapawutly fasad ulandyk» diýip, Sigeru Ban düşündirýär.

Binanyň deňiz tarapy her gatyň ini boýunça uzalyp gidýän balkonlar bilen gorizontal kompozisiýa eýe boldy. Tokaý tarapyndan bolsa fasad agaç sütünler bilen bezelen. Merkezde uly agaç bassyrma we giň basgançak ýerleşýär.

Bu ýerde myhmanlara talassoterapiýa, hammam, meditasiýa, ýoga, ses bejergisi we aromaterapiýa ýaly şahsy sagaldyş maksatnamalary hödürlenýär.

Ähli otaglarda onsen diýlip atlandyrylýan tebigy gyzgyn suwly wannalar bar. Käbir otaglarda ukudaky adamyň hereketini «öwrenýän», oňa has rahat dynç almak üçin awtomatik usulda durkuny üýtgedýän sensorly ýatalgalar oturdylypdyr.

Myhmanhanada şeýle-de klinika, bejeriş otagy, howa ýogasy üçin zal hem-de türgenleşik zaly işleýär. Howuz Ýaponiýanyň içerki deňzinden getirilen duzly suw bilen doldurylýar.

Mundan başga-da, toplumda bäş restoran we birnäçe kafe işleýär. Üçünji gatda 500 aýna panel we sungat eserleri bilen bezelen zal bar, bu ýerde konsert gurnamak meýilleşdirilýär.

Pasona Natureverse Retreat Sigeru Banyň ýapon Pasona Group kompaniýasy üçin Awadzi adasynda durmuşa geçiren üçünji taslamasy boldy. Ol öň şol ýerde saman üçekli restoran we agaçdan ýasalan meditasiýa merkezini gurupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.