Gurbanguly Berdimuhamedow Tokaýewi Gurultaý saýlawlarynyň şowly geçmegi bilen gutlady

Şu gün, 02:05703

25-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan we hut öz adyndan Gazagystanyň Baştutanyny Gurultaýyň ilkinji saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Kasym-Žomart Tokaýew, öz gezeginde, türkmen tarapyna saýlaw işine synçylaryň gatnaşandygy we berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen tassyklady. Şeýle-de, döwlet we resmi saparlaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde ähmiýeti bellenildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa noýabr aýynda Astana şäherinde geçiriljek emeli aň gurşawyndaky howpsuzlyk bilen bagly mejlise gatnaşmaga çakylygyň gönükdirilendigini tassyklady.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýandygy we 7–9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de Hazar ekologiýa sammitine gatnaşjakdygyny tassyklandygy üçin Gazagystanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny nygtap, Kasym-Žomart Tokaýewe we gazak halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ýatlap geçsek, Gazagystanyň täze bir palataly parlamenti bolan Gurultaýyň ilkinji saýlawlarynda «Adilet» partiýasy sesleriň 71,17%-ni gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.