Ýaponiýanyň premýer-ministri zäherlenen saçakçynyň halyna gyýylýandygyny gürrüň berdi

Şu gün, 19:322,307

Ýaponiýanyň premýer-ministri Sanae Takaiti öz resmi rezidensiýasynda saçakçy ýitirim bolanyndan soň, birtüýsli gussa batandygyny we özüni ýalňyz duýandygyny gürrüň berdi.

Syýasatçy zenan çaga wagty Osamu Tedzukanyň «Hi no Tori» (Kaknus) mangasyny gowy görüp okandygyny we ol kitapdaky gürrüňi edilýän reinkarnasiýa (gaýtadan dogulmak) düşünjesi ýadyna düşüp, şol sebäpli saçakçyny öldürmäge dözmändigini boýun aldy:

«Mümkin, şonuň üçin häzir uly adam bolsamam, hiç mör-möjegem, şol sanda saçakçynam öldürüp göremok».

​Takaiti X sosial torunda premýer-ministriň resmi diwanynda mör-möjegiň nädip peýda bolandygyna haýrandygyny ýazdy:

​«Resmi rezidensiýa göçüp gelenimden soň, haly-palaslary, ylaýta-da nahar iýilýän stoluň aşagyny gaty gowy edip süpürdim, iýmit galyndylaryny pugta gapakly zibil çelegine atýardym, plastik gutylary bolsa ýuwup, aýry ýerde goýýardym. Şeýdip ýörkämem, aýagymyň ýanyndan saçakçy ylgap geçdi welin, haýranlar galdym».

Ol ilki saçakçynyň özüniň meýletin gitmegine-de umyt baglapdyr.

​«Ylgap ýören saçakça seredip: "Mümkin, bu ömür hem gaýtadan dogulmagyň uzak tapgyrynyň bir bölegidir" diýip pikirlendim. Şonuň üçin ol nädibem bolsa, özi çykyp gider diýen umyt bilen biraz garaşybam gördüm» diýip, premýer-ministr gürrüň berdi.

​Saçakçyny Takaitiniň özi öldürmändir. Ol bu hakda kätiplerine habar beripdir. Olar rezidensiýada mör-möjege garşy awuly derman sepipdirler, şondan soň premýer-ministr gaýdyp saçakçy görmändir.

​«Dogrusy, şondan soň ynjalan ýaly-da boldum. Ýöne indi näme üçindir ýekesireýän hemem birsyhly gussa batýan» diýip, ol öz düşen ýagdaýyny iki jümlede jemleýär.

​Sanae Takaiti 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýaponiýanyň premýer-ministri boldy. Ol hewi-metal sazynyň muşdagy, şeýle-de deprekde saz çalyp bilýär we «Deep Purple», «Iron Maiden» ýaly toparlaryň aýdymlaryny gowy görýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.