Islandiýanyň raýatlary ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy boýunça gepleşikleriň täzeden başlanmagyna garşy ses berdiler. Bu barada ýerli RUV teleradiokompaniýasy habar berýär.
Alty saýlaw okrugynyň bäşisinde sesler sanalyp bolanyndan, ählihalk sala salşygyna gatnaşanlaryň 52,5%-i bu ädime garşy çykdy, 47,2%-i bolsa goldady.
Saýlawyň gutarnykly netijeleri entek yglan edilmedi. Emma RUV-niň maglumatyna görä, sesleri heniz sanalmadyk ýeke-täk okrug sala salşygyň jemini üýtgetmäge ýeterlik bolmaz.
Euronews-yň bellemegine görä, sesleriň sanalmagynyň ilkinji tapgyrynda gepleşikleriň täzeden başlanmagyny goldaýanlar öňde barýardy. Ilkinji netijeler Ýewropa goşulmaga has oňyn garaýan Reýkýawigiň ýaşaýjylaryndan gelip gowuşdy. Emma oba ýerlerinde sesler sanalandan soň ýagdaý üýtgedi. Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky we günortasyndaky raýatlar balyk tutmak we oba hojalyk bilen bagly çäklendirmeleriň girizilmeginden ýaýdanyp, ÝB-a goşulmak baradaky tekliplere öňden bäri has şübheli garaýar.
Islandiýa 2009-njy ýylda, ýurtda agyr maliýe çökgünligi we üç sany iri bankyň ýapylmagy netijesinde ÝB-a goşulmak üçin arza tabşyrypdy. 2013-nji ýylyň dekabrynda gepleşikler togtadyldy, 2015-nji ýylda bolsa Reýkýawik mundan beýläk Islandiýany ÝB-a dalaşgär ýurt hökmünde garamazlygy haýyş edipdi.
Ilkibaşda häkimiýet başyndaky partiýalar sala salşygy 2027-nji ýyla çenli geçirmegi meýilleşdirýärdi, emma soňra geosyýasy üýtgeşmeleriň netijesinde bu işi çaltlandyrmak kararyna geldiler. Sebäpleriň arasynda ABŞ-nyň Islandiýa garşy paçlary girizmek baradaky karary hem agzalýar.