€100 bir bak doldurmaga ýetenok: Ýewropada benzin we dizel rekord derejede gymmatlady

Şu gün, 15:15850

Ýewropa Bileleşiginde benziniň we dizel ýangyjynyň bahasy rekord derejä ýetdi. Bu hakda Ýewropa Komissiýasynyň resmi maglumatlaryna salgylanýan Euronews habar berýär.

14-nji sentýabrda iň ýokary nokadyna ýeten benziniň bir litriniň ortaça nyrhy 2,063 ýewro, dizel ýangyjynyňky bolsa 2,159 ýewro boldy. Eger şu bahalardan ulagyň 50 litrlik bakyny doldurmaly bolsa, degişlilikde, takmynan, 103 ýewro we 108 ýewro sarp etmeli bolar.

Bu ortaça görkezijiler Ýewropa Komissiýasynyň 2005-nji ýyldan bäri ýöredýän statistikasynyň taryhynda iň ýokary dereje boldy. 2026-njy ýylyň başyndan bäri ÝB boýunça benzin ortaça, takmynan, 29%, dizel ýangyjy bolsa 40%-e golaý gymmatlady.

Şol bir wagtda bahalar ýurtlar boýunça-da ep-esli tapawutlanýar. Iň arzan benzin Maltada (bir litri 1,34 ýewro), iň gymmady bolsa Daniýadadyr (bir litri 2,56 ýewro). Dizel ýangyjynyňky hem şolar ýaly aralykda üýtgäp durýar: Maltada — 1,21 ýewro, Finlýandiýada — 2,51 ýewro.

Bahalaryň ýokarlanmagy diňe bir nebitiň gymmatlamagy bilen bagly däl. Ýakyn Gündogardaky geosyýasy ýagdaýlar sebäpli, energiýa serişdeleriniň üpjünçiliginiň bozulmagy netijesinde çökgünligiň has güýjän döwründe «Brent» görnüşli nebitiň bir barreliniň bahasy 126 dollardan hem geçipdi. Anna güni, indiki aýda eltip bermek şerti bilen, «Brent» nebiti 104 dollardan gowrak bahada satyldy, ýagdaýlar agyrlaşmazdan öň bolsa nebitiň bir barreliniň bahasy 72 dollar töweregidi.

Goşmaça basyşy nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň çykdajy we girdeji tapawuty, ýagny çig nebitiň bahasy bilen taýýar ýangyjyň bahasynyň arasyndaky tapawut döredýär. Ýewropa Merkezi bankynyň bilermenleriniň çaklamasyna görä, benziniň maržasy awgust aýynda iň ýokary derejä ýetdi, dizel ýangyjynyň şeýle ýagdaýa ýetmegine bolsa oktýabr aýynda garaşylýar.

Ýewropa Merkezi bankynyň bahalandyrmagyna görä, sentýabr aýynyň üçünji hepdesinde nebiti gaýtadan işlemek ýewro zolagynda dizel ýangyjynyň bir litriniň bahasyna, takmynan, 0,41 ýewro, benziniň bir litriniň bahasyna bolsa 0,17 ýewro goşýar. Bu bolsa bölek satuw bahasynyň, degişlilikde, takmynan, 19 göterimini we 8 göterimini düzýär.

Salgytlar hem möhüm täsirleriň biri bolmagynda galýar: Ýewropa Merkezi bankynyň iýul aýynda çap eden hasaplamalaryndan çen tutsaň, aksizler we goşulan bahadan salgyt (GBS) ýewro zolagynda dizel ýangyjynyň bahasynyň 44 göterime golaýyny, benziniň bahasynyň bolsa 52 göterimini eýeleýär.

Ýewropa Merkezi banky energiýa serişdeleriniň üpjünçiligindäki mundan beýläkki bökdençlikleriň bahalaryň has dowamly ýokarlanmagyna getirip biljekdigini duýdurýar. Bilermenleriň pikiriçe, bahalary aşak düşürmek üçin geosyýasy durnuklylygy dikeltmek we dünýäniň nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň işini doly ýola goýmak zerur bolar.