17-nji sentýabrynda Kanadanyň premýer-ministri Mark Karni ýurdy Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ilkinji «assosirlenen agzasy» etmek baradaky başlangyjy goldady. Şeýle teklibi Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň orta atypdy.
Strasburgda Ýewropa Parlamentinde çykyş eden Karni şeýle birleşigiň hiç bir jähtden dünýäniň beýleki iri döwletlerine garşy gönükdirilmeýändigini nygtady:
«Men iri döwletlere garşy çykjak, diňe özüni has medeniýetli alyp barýan üçünji bir topary döretmegi teklip etmeýärin. Biziň maksadymyz başgalaryň üstünden agalyk etmek üçin güýç toplamak däl».
Onuň aýtmagyna görä, Kanada bilen Ýewropa açyk bazarlary, özygtyýarlylygy, çäk bitewiligini, azatlyklary we kanunyň hökmürowanlygyny goramak üçin tagallalaryny birleşdirmek isleýär. Şeýle hem premýer-ministr gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary çykarmak, goranyş, energiýa howpsuzlygy, elektron söwda we emeli aňy ösdürmek ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi teklip etdi.
Şol bir wagtyň özünde Karni Kanadanyň «assosirlenen agza» derejesiniň anyk nämäni aňladýandygyny düşündirmedi. Ýewropa Bileleşiginiň häzirki hereket edýän şertnamalarynda şeýle agzalyk derejesi göz öňünde tutulmaýar. Şonuň üçin ony döretmek üçin ÝB-niň ähli 27 agza döwletiniň razylygy gerek bolar.
Bu pikiri ozal Ursula fon der Lýaýen öňe sürüpdi. Ol bu babatda Karnä ýüzlenip şeýle diýdi:
«Men hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy gyssagly ýagdaýda täzeden gözden geçirmelidigimizi aýtdym. Şonuň üçin Kanadanyň Ýewropa Bileleşiginiň ilkinji assosirlenen agzasy bolmagyna ýol açmak boýunça siziň bilen bile işleşmek isleýärin».
Ýewropa Komissiýasynyň bu teklibini ABŞ-yň prezidenti Donald Tramp tankytlady. Ak Tamyň ýolbaşçysy Ýewropa garşy ýokary gümrük paçlaryny girizmek ýa-da söwdany çäklendirmek bilen haýbat atdy:
«Eger men muny haýsydyr bir derejede duşmançylykly ädim diýip hasap etsem, Ýewropa örän ýokary gümrük paçlaryny girizerin ýa-da köp ugurlar boýunça onuň bilen söwdany bes ederin».
Kanadanyň Ýewropa Bileleşiginiň assosirlenen agzasy bolmagy baradaky başlangyjyň 29–30-njy oktýabrda Monrealda geçiriljek «ÝB – Kanada» sammitinde çynlakaý ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna garaşylýar. Häzirlikçe ÝB-niň Geňeşi duşuşygyň jikme-jik gün tertibini çap etmedi. Garaşylyşyna görä, has köp maglumatlar sammitiň öňüsyrasynda peýda bolmaly.