ABŞ-nyň Grand-Kanýon jülgesine inen silden soň 15 adam dereksiz ýitdi

Düýn, 19:254,662
1 / 3

ABŞ-daky Grand-Kanýon deresine gelen silden soň bir adam heläk boldy, ýene 15 adam bolsa dereksiz ýitdi. Bu barada CNN neşiri ABŞ-yň Milli seýilgähler gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Sebitde gözleg-halas ediş çäreleri dowam edýär. Oňa dikuçarlar we ştatyň Jemgyýetçilik howpsuzlygy müdiriýeti hem goşuldy.

Sil suwy şenbe güni öýländen soň milli seýilgähiň aşaky bölegine geldi. Braýt-Endjel hanasynda we Grand-Kanýonyň düýbündäki «Fantom-Ranç» syýahatçylyk toplumynyň çäginde suwuň derejesi mazaly ýokarlandy. Suw akymy çeşmäniň üstündäki pyýada köprüleriň hemmesini diýen ýaly akdyryp gitdi we çadyrly düşelgeleri weýran etdi.

Ýekşenbe gününe çenli suw basan zolakdan Günorta kenara 62 adam göçürildi.

Seýilgähiň esasy suw geçirijisine zeper ýetmegi sebäpli suw sarp edilişine berk çäklendirmeler girizildi. Myhmanhanalaryň we gelim-gidimli ugurlaryň bir bölegi ýapyldy.

Halas edijiler sebitde howpuň entegem saklanýandygyny duýdurýarlar. Ýakyn wagtyň dowamynda täze güýçli ýagynlaryň ýagmagy, batgaly suw siliniň gelmegi we daş dökülme ýaly ätiýaç edilmeli ýagdaýlaryň döremek ähtimallygy bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.