Şwesiýanyň ilaty migrantlaryň akymynyň peselmegi, ýaşaýjylaryň garramagy we dogulýan çagalaryň sanynyň azalmagy sebäpli 2100-nji ýyla çenli 4 mln adam azalyp biler. Bu barada Lund uniwersitetiniň dosenti Osa Hanssonyň ýolbaşçylygyndaky bilermenler toparynyň hasabatynda bellenilýär diýip, TASS habar berýär.
Seljerme işi Şwesiýanyň Hökümetiniň sargydy boýunça geçirildi.
Osa Hanssonyň bellemegine görä, ilatyň sanynyň azalmagy ýurduň ykdysadyýeti üçin düýpli meseleleri döreder. Bu ýaramaz ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olaryň täsirini gowşatmak maksady bilen döwlet eýýäm häzirden serişdeleri täzeden paýlamaly we ýaşlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin çäreleri görmeli.
Häzirki wagtda Şwesiýada 10,6 million adam ýaşaýar, ýöne 2100-nji ýyla çenli bu görkeziji 6,6 million adama çenli azalar. Ýurtda ýaşaýyş üpjünçiligini saklamak üçin zähmet migrantlaryny çekmek gerek. Birnäçe pudakda eýýäm hünärmen ýetmezçiligi duýulýar diýip, «Svenskt Näringsliv» guramasynyň ykdysatçysy Swen-Ulof Donfeldt belleýär.
Ilatyň sanynyň azalmagy köp ýurtlarda, şol sanda uzak wagtlap çäklendiriji demografik syýasaty ýöreden Hytaýda hem hasaba alynýar. 2025-nji ýylda HHR-de doglanlaryň sany 7,92 million, ölenleriňki bolsa 11,31 mln boldy. Bu öňki ýyl bilen deňeşdirilende täze doglanlaryň sanynyň 17% azalandygyny görkezýär.
Germaniýada hem soňky 79 ýyldaky iň pes dogluş görkezijisi hasaba alyndy — 2025-nji ýylda GFR-de 654,3 müň çaga dünýä indi.