Z nesliniň sanaýmaly wekili ýolbaşçy wezipeleri eýelemek isleýär. Olar karýerany ösdürenlerinden zähmet bilen şahsy durmuşyň arasyndaky deňagramlylygy saklanlaryny gowy görýärler. Hünärmenleriň sözlerine görä, bu ugur geljekki dolandyryş düzümini emele getirmeli kompaniýalar üçin çynlakaý meseledir.
Enpulse kompaniýasynyň baş direktory Tomaş Şklarski Euronews agentligine beren interwýusynda Z nesliniň diňe 6%-e golaýynyň ýokary wezipelerini eýelemek isleýändigini mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, dolandyryjylyk wezipelerine bolan gyzyklanma barha artýan zähmet ýüki sebäpli peselýär. Soňky ýyllarda bir ýolbaşça düşýän işgärleriň ortaça sany takmynan alty adamdan on iki adama çenli köpeldi. Menejerler bir wagtyň özünde hem telekeçilik wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine, hem-de öz toparlarynyň ösüşine, höweslendirilmegine we abadançylygyna jogap bermeli bolýarlar.
– Z nesli iş bilen şahsy durmuşyň arasyndaky deňagramlylygyň nämedigine we ýolbaşçy bolmak üçin nämeleri pida etmelidigine mazaly akyl ýetirip bilýärler. Ýaşlar dolandyryş bilen baglanyşykly ýüküň nähilidigine örän gowy düşünýärler. Hakykatdan-da ýolbaşçy hem ýokary edaralaryň öňünde, hem-de barha ulalýan we degişli derejede aladasy ýetik toparlar üçin jogapkärçilik çekýär – diýip, Şklarski nygtaýar.
Hünärmen bu meseläniň öňi bilen ykdysady taýdan işjeň ilatynyň sany azalýan Ýewropada has ýiti ýüze çykyp biljekdigini çaklaýar. Onuň pikiriçe, eger kompaniýalar täze ýolbaşçylary taýýarlamasa we işgärleri dolandyryş wezipelerini öz üstüne almaga höweslendirmese, olara iş netijeliligini saklamak örän kyn düşer.
— Zähmet çekýän adamlaryň sany barha azalar, aýratyn hem Ýewropada şeýle. Eger biz täze dolandyryjy kadrlary we toparlar üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýýar adamlary tapyp bilmesek, guramalaryň netijeliligi bilen bagly has çynlakaý kynçylyklar bilen gabatlaşarys — diýmek bilen hünärmen ýüze çykmagy örän ähtimal meseleleriň bir ujuny duýdurýar.
Şol bir wagtyň özünde, Şklarskiniň nygtaýşy ýaly, emeli aň ýolbaşçylary doly çalşyryp bilmez, sebäbi ýolbaşçydan ilki bilen dolandyrýan adamlaryňa duýgudaşlyk bildirmek, gatnaşyklary ýola goýmak, işgärleri höweslendirmek we adamyň ýagdaýyna görä karar kabul etmek başarnygy talap edilýär.