«Barselona» futbol kluby öz taryhynda ilkinji gezek 1 milliard ýewrodan gowrak girdeji gazandy. 2025/26 möwsümiň netijeleri barada klubuň resmi saýtynda habar berildi.
Klub maliýe tarapdan yzygiderli üçünji möwsüm oňyn netijeleri görkezýär.

«Şu möwsümde 1 milliard ýewrodan gowrak bolan rekord girdeji hasaba alyndy. Bu görkeziji, esasan, stadiony ulanmakdan alnan girdejiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa geljekde «Kamp Nou» stadiony doly güýjünde işläp başlanda, onuň mümkinçilikleriniň uly boljakdygyny tassyklaýar» — diýlip, klubuň beýanatynda aýdylýar.
«Kamp Nou» stadionyna gaýdyp gelnenden soň, meýdançanyň sygymy gurluşyk işleriniň tamamlanmandygy sebäpli 42 müň tomaşaçy bilen çäklendirildi.

Şeýle-de, hemaýatkärlik tölegleriniň artmagy we BLM golçur kompaniýasynyň üsti bilen klub atributikasynyň satuwyndan alnan rekord dolanyşygyň girdejiniň ýokary bolmagyna ýardam edendigi bellenilýär.
Möwsümiň maliýe netijeleri 19-njy sentýabrda klubuň agzalarynyň umumy ýygnagynda hödürlener.
Häzirki möwsümde «Barselona» üç tapgyrda dokuz utuk toplap, La Liganyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. Topar 6-njy sentýabrda myhmançylykda «Walensiýa» bilen oýnar.