Dizaýner Simon Roşa täze «Simone Rocha × adidas Originals» atly 2026/2027-nji ýyllaryň güýz-gyş möwsümi üçin lybaslar toplumyny hödürledi. Bu gezek modelýer adidas-yň adaty sport eşiklerini gaýtadan işläp, olary dür, tor nagyş, büzme, týul we kristallar bilen bezedi.
Topluma «Firebird», «Beckenbauer» we «Superstar» görnüşleriniň täzelenen nusgalary girdi. Sport keltekçeleri öňküsinden has gysga we giň görnüşde taýýarlandy. Balaklar tor nagyşlary we büzmeler bilen bezeldi, futbol getralaryna bolsa dür bilen nagyş edildi.


Täzelenmeden aýakgaplar hem binesip galmady. Simon Roşa sport aýakgaplaryny «Mary Jane» görnüşindäki baletkalaryň äheňinde işledi. Täze harytlaryň arasynda dür we lenta bilen bezelen «SR Taekwondo Ballerina», bagjykly «SR Climacool» hem-de ýumşak matadan tikilen «SR Japan Fuzzy Slip On» bar.

Bu toplumy döretmek pikirine Simon Roşanyň irland medeniýetine we ebedi ýaşlygyň ýurdy hasaplanýan rowaýaty Tir na Nog adasyna bagyşlanan güýz toplumy itergi berdi. Şonuň üçin mahabat kampaniýasynyň çäklerinde suratkeş Žýustin Kurland modelleri Irlandiýanyň tebigatynyň goýnunda, atlaryň ýanynda surata düşürdi.


Täze toplum Simon Roşanyň sport eşiklerine bolan gyzyklanmasynyň dowamydyr. Ol adidas bilen öňki toplumlarynda hem romantik köýnekleri, tor nagyşlary we bezeglik zatlary peýdalanypdy. Bu gezek bolsa göni adidas Originals hatarynda şol çemeleşme ulanyldy.
«Simone Rocha × adidas Originals» toplumynyň satuwy 10-njy sentýabrda başlanar.