Howadaky howply tüsse sebäpli Malaýziýada adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Düýn, 20:355,067
1 / 2

Howanyň hapalanmagy sebäpli Malaýziýanyň häkimiýetleri Sarawak ştatyndaky Serian şäherinde adatdan daşary ýagdaý tertibini girizdi. Bu barada Euronews habar berýär.

Howanyň hapalanmagy boýunça görkeziji 521-e ýetdi, şol sebäpli ýaşaýjylara öýden çykmazlyk maslahat berilýär. Tokaý we torf ýangynlaryndan çykan tüsse Borneo adasyna ýaýrap, Bruneý bilen Singapura hem ýaramaz täsirini ýetirýär.

Ilaty 90 müňe golaý bolan Serian şäheri Indoneziýanyň Kalimantan welaýatynyň serhedine golaý ýerleşýär. Ondan has uly şäher bolan Sarawakyň paýtagty Kuçingde howanyň hapalyk derejesi 311-e ýetdi.

Görkeziji 500-den geçensoň, häkimiýetler möhüm bolmadyk pudaklardaky kärhanalaryň işini saklap hem-de açyk howadaky sapaklary ýatyryp bilerler. Mekdepler bolsa görkeziji 200-den ýokary galan badyna ýapyldy.

Bu ýyl ýagdaýy Indoneziýanyň birbada birnäçe welaýatyndaky güýçli ýangynlar we uzap giden gurakçylyk has-da agyrlaşdyrdy. Goňşy ýurduň tоkaý hojalygy ministrliginiň hemra arkaly alan maglumatlaryna görä, 1-nji awgustdan bäri ýurtda tоkaý ýangynlary bilen dahylly bolup biljek 717 sany howur nokady ýüze çykaryldy. Soňky bir gije-gündizde şeýle nokatlaryň 103-si işjeň bellige alyndy.

Indoneziýanyň häkimiýetleri goşmaça ýangyn söndüriji toparlary iberip, emeli ýagyş ýagdyrmaga çalyşýarlar.

Polisiýa tokaý we torf meýdanlaryna ot ýakmakda güman edilýän 112 adamyň tussag astyna alnandygyny mälim etdi. Hukuk goraýjylar saklananlaryň arasynda ýerleri az çykdajy bilen arassalamak üçin olary bilgeşleýin ýakmakda aýypalanýan ýerli daýhanlaryň hem bardygyny aýdýarlar. Mundan daşgary, Indoneziýa öz çäklerindäki ähtimal ýangynlar sebäpli bäş sany kompaniýanyň ygtyýarnamasyny wagtlaýyn bes etdi. Ýurtda dokuz welaýatda takmynan 4,7 müň gektar ýeri bilgeşleýin ýakmak bilen baglanyşykly 167 sany derňew işi alnyp barylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.